» VIP Mowzuklar
-
Aýdyşyk +1Bolup gitdiñ.
Saña gowuşmaklyk armanym bolup,
Eden arzuwlarym puç bolup gitdi.
Şol meni ýaşadýan jadyly üç söz,
Ýüregme sanjylan uç bolup gitdi.
Täleýim mañlaýma çekipdir gara,
Salypdyr kalbyma bitmejek ýara,
Sen menden, men senden açamda ara,
Bagtsyzlyk başyma täç bolup gitdi.
Ýürek küýsär hergiz, menden gitseñem,
Özge gyzyñ bagty bolup bitseñem,
Peýdasy ýok indi sabyr etsemem..
Bagtym gelerinden giç bolup gitdi.
Ga...
dowamy...Hajymyrat (Düýn, 02:20) okaldy (17) teswirler (4)
Soňky paýlaşylan suratlar
Mowzuklar
Balkyldadyp gözýaş daman dideleň,
+2Balkyldadyp gözýaş daman dideleň,
Ýarym menden geçmişimi sorama,
Men tarapdan uzak ýyllar idelen,
Ýarym menden geçmişimi sorama.
Zer ýapraklar dökülende saralyp,
Şol güýzlerde alys boldy aralyk,
Ne peýda bar ýene kalby paralap,
Ýarym menden geçmişimi sorama.
Zerur däldir aýtmak saňa baryny,
Özge köňül çeke bilmez zarymy,
Bezäňden soň bir ojagyň törüni,
Ýarym menden geçmişimi sorama.
Berk duraryn yşk ýolunda taýmaryn,
I...
dowamy...Dreamfull (20.04.2024 / 17:55) okaldy (30) teswirler (4)
EJEME
+2Bilýäň eje, dost-ýarym kän,
goýmazlar öýde meni,
Tä gelýänçäm garaşyber,
gaýbana söý-de meni.
Ogul gider, galar ene,
aýralyga döz geler,
Az ýatlanar mährem ene,
arzylanda özgeler.
Är işin boýna alan,
ejizlemez-nalamaz,
Il özüniň şat gününde
ejizläni halamaz.
Çydamlydyr ogluň eje,
göwünleri awlaryn,
Ejizlesem ir-giç gelip
seň gapyňda aglaryn.
Atajan ANNABERDIÝEW...
dowamy...BAYOGUL (20.04.2024 / 13:25) okaldy (27) teswirler (4)
JELLAT
+2Seredip oturşyma bir zatlary ýadyma saljak boldum. Geñ galaýmaly, hiç zat ýadyma düşenok. Uzynlygyna süýnip ýatanyñ ýürek urşyny barladym. Jany bar. Men näme bu ýerde otyrkam? Entek ýary gije. Menem ymyzganaýsam kem däl.
Düýşde düýş görüp bolýarmyka? Edil şu wagt dem alşym çalt welin benzini gutaran karbýuratoryn bolşyny ýadyma saldym. Näme bolsa-da, bir zady ýatlap bildim!?.
Men duzakdan boşan ýaly, ýeñil duýup başladym....
dowamy...BAYOGUL (20.04.2024 / 12:14) okaldy (17) teswirler (3)
Giç bolan eken
+0Dostlugyñ içinde söýgüni bukup,
Ykbalmydy bizi bagta dözmedik
Ýygralyk çygryndan bilmänsoñ çykyp,
Yşgyñ syrly matalyny çözmedik.
Çagalykda gülüp, oýnap tersleşdik,
Açdyk gözümizi mekdep töründe.
Kalbyñ düwünçegin çözüp dertleşdik,
Geljege bolsady ekipdik şonda.
Göz ýetim ýakyn biz, ses ýetmez uzak,
Ýürek syryñ aýan edýär gözleriñ.
Göwün paltam daşa degip her gezek,
Hyýalymda her ýan ýüzdi sözlerim.
Meniñ ýygralygym, se...
dowamy...BAYOGUL (20.04.2024 / 11:49) okaldy (15) teswirler (2)
SUSSUPESSIMIZM
+0Çyrşamana ak kagyza syýany,
Dözmeýän dek ýazýanlarmyň ugry ýok.
Her gussany ýazyp ýeňledip bormy?
Dünýäň derdi-kederiniň soňy ýok.
Çöregim şygyrdan berlenok ahyr,
Ýene neçün gola alýan galamym?!
Gümüne gitsin ol gije oýlary:
"Gel, bu gün undaly yşkdan galanyn..."
Tebigat reňkini üýtgedýär diňe,
Garaşýas baharda symrugym geler.
Garlawaçdan başga gelýäniň ýokdur,
Ýyllar geçer gider "Bir gün"-ler bilen...
Aňlaýan geljekde...
dowamy...BAYOGUL (20.04.2024 / 11:46) okaldy (19) teswirler (4)
BEÝNISINE ÇIP OTURDYLAN ADAM PIKIRIŇ GÜÝJI BILEN KOMPÝUTERI DOLANDYRÝAR
+0Beýnisine çip oturdylan ilkinji adam kompýuteriň «syçanjygyna» pikiriň güýji bilen erk etmegi başardy diýip, taslamany durmuşa geçiren «Neuralink» kompaniýasynyň eýesi Ilon Mask habar berdi.
«Öňegidişlik bar, näsag doly dikelene meňzeýär. Ol pikirlenmek arkaly «syçanjygy» ekranyň ýüzünde hereketlendirip bilýär» diýip, amerikaly işewür, milliarder Mask gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, enjamyň işi baradaky ilk...
dowamy...BAYOGUL (20.04.2024 / 11:24) okaldy (27) teswirler (3)
Essalamualeýkum
+4Dürli haýyşlar boýunça hemde siziñ isleglerñize esaslanyp ulgama dolanan Ýeketäk.ru saýtymyzy işjeñ saklamaklygyñyzy hemde bu ýerde öz döredijiligiñizi ýazmaklygyñyzy (öz döredijiligiñiz bolmasa, awtorundan rugsatly, başga makalalary goýmaklyga, makalanyñ soñunda bolsa şol awtoryñ ady we ş.m, maglumatyny ýazmaklygyñyzy) sizden haýyş etýäris ! Ul...
dowamy...Admin (20.04.2024 / 00:04) okaldy (72) teswirler (7)
Mowzuklar: 47