Içeri gir Agza bol
Reklama
Jedelli mowzuklar

Göwün güli

+3
Ynsan göwnüniň gülläp bilýändigi hakynda oýlanyp gördüňizmi?! Men-ä şeýle pikir aňyma dolmazdan öňürti göwnüň gülleýändigine anyk-açyk göz ýetirdim. Y...dowamy...

Yuregim gunakar...

+1
- Salam ýüregim! + Salam! - Gowmy ýagdaýlaryň?! + Ol seni taşlanyndan soňra ýadyňa düşäýdimi meniň ýagdaýym? Sen onuň bilen ömürlük bolmajagyñy başdan...dowamy...

Soygulimi menden alan gonsym 2

+8
SÖÝGÜLIMI MENDEN ALAN GOŇŞYM(BOLAN WAKA) 2-nji bölüm Ilki almady. Soň özi jaň etdi. Maňa Sonýa diýýädi. Gromkasyny açyp Ogulbibi ol oglan üçümiz Her...dowamy...

Ömür

+2
Bu durmuşda adamyň ömri örän gysgadyr. Ýöne şol gysga ömüri nähili ýaşajagyňam özüňe baglydyr...dowamy...

Görsem

+4
Ýola düşüp yşkyňda, Säher-sabany görsem. Adyň köňül köşgümde, Gezen dünýäňi görsem. Daş däl ýeterden aýak, Myhmany boldum baýak, Halaçda Gyzylaýak, G...dowamy...

Erjellik

+4
Atçylyk toplumyndaky atlara seredýän seýsiniň kiçi ýaşlyja oguljygy mekdebe gatnaýardy. Bir gün oglanjygyň mugallymy okuwçylardan geljekde ýetmek isl...dowamy...

Magtymgula

+4
Arzylanym ussat-dana, Şygyrlaryň melhem jana, Okap çykdym ine-gana, Dilimdäki senam bolduň. Garaňkyda şamçyragym, Söýenenim, ylham tugum, Alys ýola u...dowamy...

Pyragynyň huzurynda

+4
Hyzmatda çekinmen ilden, Höwesim bar güýçli silden, Şägirt bolup, göze ilsem Pyragynyň huzurynda. Beýik Dana tälim bersin, Ýat bekläýin her bir...dowamy...

Ýör, gideli Gerkeze

+3
Üç ýüz ýaşda toý tutmak, Nesip etmez herkese. Gatnaşsak, togap etsek, Ýör, gideli Gerkeze! Intizar köp ýyl bäri, Üýşen eýýäm il bary, Arzuw edip dida...dowamy...

Üstünlige ýetmegiň syry

+3
Biziň her birimiziň üstünligimiziň syry kalbymyzda gizlenendir. Ýöne aglabamyz üstünligiň syryny özge ýerden gözleýäris ýa-da kimdir biriniň daşky keş...dowamy...

Diygey sen

+5
Durnam, gitseň Häzirbejan iline, Barsaň, näzli ýara salam diýgeý sen. Ýürek-bagrym bölek-bölek diline, Barsaň, näzli ýara salam diýgeý sen. Arman...dowamy...

Paýhas çesmesinden

+5
■ Ak ýüzde gara hal zynatdyr. ■ Akyl — dost, gahar — duşman, soňy — puşman. ■ Beden agyrsa, jan syzar. ■ Berene bäş köp, alana alty az. ■ Eşiden g...dowamy...

Mekdep (Tajik tymsaly)

+1
Ömrüni şäherde geçiren kişi bir sebäp bilen oba göçüp barýar. Onuň ýakyn goňşusy ömrüni ylma bagyş eden akyldar bolup çykýar. Bularyň turuwbaşdan sözl...dowamy...

ene mahirli toprak

+1
Topragy enä meňzedenlerinde, çagalykda onuň manysyny aňşyrjagam bolmazdyk. Bir ýola enemden: «Näme üçin topragy ata däl-de, enä deňeýärler?» diýip sor...dowamy...

Meni kakam saňa meňzedipdir (oylanma)

+1
«Aý dogupdyr» diýdim ejeme. «Şu wagt görýäňmi? Ol-a düýnem bardy» diýmesine ençe gün bäri gözüm ýokarda bolansoň, biraz geňirgendim. Derrewem üç ýola...dowamy...

Ýapon alymlaryndan dişiň ösmegi üçin derman

+5
Kitano lukmançylyk ylmy-barlag institutynyň (Osaka prefekturasy) we Kýoto uniwersitetiniň alymlary gipodontiýa (birden bäşe çenli dişiň dogabitdi ýokl...dowamy...

Daý­han we al­ma aga­jy

+4
Daýhan we alma agajy Ir zamanlar tokaýa ýakyn obalaryň birinde bir daýhan ýaşaýan eken. Onuň dürli agaçlara, güllere bürenip oturan ullakan mülki bolu...dowamy...

Al­gyr

+4
Bir gezek derýanyň kenaryndaky gaýalarda ýaşaýan algyra uly balygy awlamak başardypdyr. Muny gören gargalaryň ýüzlerçesi içiňden geçip barýan gagyldyl...dowamy...

Gudrat

+5
Sekiz ýaşly Salli ene-atasyndan Jorjy gyssagly halas etmelidigi barada eşidende juda ýaýdandy. Onuň jigisiniň saglyk ýagdaýy gün-günden beterleşýärdi....dowamy...

Manyly hekaýa

+5
Günlerde bir gün iki dost çöle gezelenje gidipdir. Olar açyk meýdanda aýlanyp, gürleşip gidip barýarkalar ikisiniň arasynda jedel bolýar we biri beýle...dowamy...
Gudrat
 Özümiziňki
 Guljagaz [off]
 07.05.2024 / 11:50
 Barlygy dert, ýoklugy dermandyr käbir ynsanlaryň..

Sekiz ýaşly Salli ene-atasyndan Jorjy gyssagly halas etmelidigi barada eşidende juda ýaýdandy. Onuň jigisiniň saglyk ýagdaýy gün-günden beterleşýärdi. Jorjy diňe gymmat operasiýa arkaly halas edip boljakdy, ýöne muňa maşgalanyň ýeterlik puly-da, karz-kowal edere hiç kimi hem ýokdy. Günleriň bir güni kakasynyň: «Ony diňe gudrat halas edip biler» diýip, lapykeçlik bilen aýdan sözleri Salliniň gulagyna ildi.
Şondan soň Salli öz otagyna gyssandy. Şaýylyk ýygnaýan gabyny çykaryp, içindäki şaýylyklary orta dökdi-de sanamaga oturdy. Ol ýygnanja şaýylyklarynyň baryny gysymyna alyp, uzakda bolmadyk dermanhana tarap alňasady. Ol dermanhana girende dermanhana işgäri haýsydyr bir sypaýy adam bilen maslahat edip durdy. Daşyndan synlanyňda aladaly görünýän dermanhana işgäri içerä giren gyzjagaza birbada ünsem bermedi. Birdenem dermanhana işgäriniň gözleri Sallä kaklyşdy:
– Hany aýt bakaly, gyzjagaz saňa näme gerek? – diýip, dermanhana işgäri özüni müýnli ýaly syzýan Sallä seretdi. Salli:
– Meň jigimiň – diýip, ýuwdundy-da: – Meň jigimiň saglygy gowy däl, maňa bir gudrat bersene? – diýende sesi sandyrap çykdy.
– O nämäň gudraty, men-ä hiç zada düşünen däldirin – diýip, dermanhanaçy gaýgyly ýylgyrdy.
– Kakam jigimi diňe gudratyň halas edip biljekdigini aýtdy, ýogsa-da bir gudratyň bahasy näçekä? – diýende, dermanhana işgäri gyzjagaza mähir we gynanç bilen garap:
– Balajyk, gynanmakdan ötri, biz bu ýerde gudrat satamzok, şoňa görä-de, saňa edip biljek kömegimiz ýok – diýdi-de, gürrüňdeşi bilen söhbetini dowam etdirdi. Ýöne Salli niýetinden aňsatlyk bilen el çeker ýaly däldi. Salli dermanhana işgärine garap:
– Mende pul bar. Maňa diňe onuň bahasyny aýtsaňyz bolany – diýdi. Şol wagt dermanhana işgäri bilen maslahatlaşyp duran sypaýy adam:
– Ýogsa-da gyzjagaz seniň doganyňa nähili gudrat gerek – diýip sorady.
– Bilemok – diýip, Salli kemşerende gözleriniň ýaşy paýrap gaýtdy.
– Meň jigimiň ýagdaýy agyr. Öýdäkiler operasiýa edilmese ony halas edip bolmajakdygyny aýdýarlar, maşgalamyzyň bolsa oňa ýagdaýy ýok. Kakamyň: «Ony diňe gudrat halas edip biler» diýen sözlerini eşidip, ýygnan şaýylyklarymy alyp bu ýere geldim – diýip, Salli başyny sallady.
– Bolýar, hany seň näçeräk puluň bar – diýip, sypaýy adam dillendi.
– Bular bir dollar on bir sent! – diýip, gyzjagaz gysymyndaky şaýylyklary oňa uzatdy.
– Berekella, bular jigiňe zerur bolan gudrata ýeterlik bolar – diýip, ýaňky adam kellesini kakdy-da Salliniň elinden tutup:
– Hany bala, sen maňa öýňüzi görkez. Men seň doganyňy göreýin, şol ýerde maşgalaňyz bilen hem tanyş bolaryn – diýdi.
Hawa, bu sypaýy adam Jorj üçin gyssagly operasiýany edip biljek meşhur hirurg Karlton Armstrongdy.
… Şowly tamamlanan operasiýadan soň, hassahanada Salliniň maşgalasyndan hiç hili töleg almadylar. Olar şadyýan halda öýlerine dolananlarynda bolan zatlaryň täsirinden çykyp bilmedik hamrak ejesi:
– Bolup geçen zatlara ynanar ýaly däl. Bu bir gudrat! Olar iň bolmanda operasiýanyň töleginiň näçedigini hem aýtmadylar – diýip dylym-dylym etdi. Salli ýylgyrýardy. Çünki ol bu operasiýanyň näçä durýandygyny gaty gowy bilýärdi: bir dollar on bir sent!


33

6

4

5

0

0

3
Teswirler:
 Özümiziňki
 Guljagaz [off]
  Barlygy dert, ýoklugy dermandyr käbir ynsanlaryň..
 07.05.2024 / 19:42

+0

Like

 Özümiziňki
 Guljagaz [off]
  Barlygy dert, ýoklugy dermandyr käbir ynsanlaryň..
 07.05.2024 / 19:43

+0

(❤❤)

 Özümiziňki
 BAYOGUL [off]
 09.05.2024 / 06:45

+0

Like

 Özümiziňki
 Guljagaz [off]
  Barlygy dert, ýoklugy dermandyr käbir ynsanlaryň..
 Şugün, 11:11

+0

❤ basalyn

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Yuregim gunakar...


Bu bir ýazgyt galamynyñ islegi, Ýogsa o gyz maña sataşarmydy?! Huşda görüp, düýşde duýup.. eştmegi isläp arzuwlatmak başardarmydy ?! Ýürek, geç...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yuregim gunakar...
Perman (Şugün, 15:33)

Göwün güli


Gowy eken...dowamy...
Erkin mowzuklar | Göwün güli
BAYOGUL (Şugün, 15:22)

Göwün güli


Basalyn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Göwün güli
Guljagaz (Şugün, 12:17)

Göwün güli


Like❤...dowamy...
Erkin mowzuklar | Göwün güli
Guljagaz (Şugün, 12:16)

Ömür


Like❤...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ömür
Guljagaz (Şugün, 12:08)

Ömür


Dogry...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ömür
Guljagaz (Şugün, 12:07)

Görsem


Like...dowamy...
Erkin mowzuklar | Görsem
Guljagaz (Şugün, 12:04)
Ähli hukuklar goralan!
© YekeTak.Ru 2018-2024

Admin:We-Pro
Яндекс.Метрика