“❤️ Saýtdan tizlik bilen peýdalan! Premium hasap al ❤️”

Içeri gir Agza bol
PREMIUM agzalar
REKLAMA
Soňky mowzuklar

Pälwany däli eden gyz

+1
Gyzyl keteni geýipdir Pälwany dali eden gyz Şaý şep monjuk dakypdyr Palwany dali eden gyz Ýylgyryp bakan bolýar sülmür...dowamy...

Soraglar...2

+2
Bir gus bazar gun ucmayar. Nm ucun sol gus bazar gun ucmayar Bilmeseniz like basyn teswire garasyan...dowamy...

Agla senem

+2
Elimde galan umudymyn bolegi Ayralyk gelende seni dal yitirdim ozumi Ben bilmiyorum ajaba kim hakly Yone bilyanim yaslygy...dowamy...

Küýseg

+3
Men seni şeýle bir göresim gelýär, Muny özgelere aýdyp bilmedim! Sensiz bu şäher dar,ýaşaýyş del ýar, Sende seni küýsäp sensi...dowamy...

Näme sebäpden indi bu şahsyýetler ýalylar ýok?!

+2
*Öñki jemgyýetde Gurbannazar Ezizow ýaly şahyrlar çykypdyr. Indi onuñ ýaly şahyrlar çykmasyny bes edipdir. *Öñki jemgyýetde A...dowamy...

Yakynda REP GANATY BU- ozgan gelini mp3

+1
Boldunmy soyyenim indi ozgan gelini Semizi gorup hordan gecip gidaydinmi Nadip bildin yaralap bu ejiz yuregi Sensiz durmus...dowamy...

Eje jan, sen hakda yazasym geldi....♥♥♥

+1
Dermanam, doktaram gerek däl maňa. Sözüňizem ýuwan, megerem ýalan. Siziň-ä öýňüzde eziziňiz bar – Gürleşiň, gülüşiň eneňiz bi...dowamy...

Näme üçin ÝekeTäk?! #herýerdenbir

+3
Hemmä salam! Men bugün sizlere saýtymyza näme üçin ÝekeTäk diýilip at berilenini aýdyp bermekçi ! Ilki bilen aýtsam, Ye...dowamy...
Ýerden başga saýýarada ýaşaýyş barmyka?
Premium
 serdar [off]
 14 gün ozal
 Daşoguzyň ÇETI GÖROGLYNYŇ BETI

Köp ýyllyk barlaglardan soň alymlar munuň bolmagy ähtimal diýen netijä geldiler.Waşington döwlet uniwersitetiniň alymy Dirk Şulse-Makuhyň ýolbaşçylygynda ýazylan täze ylmy işde ýerden uly, göwrümliräk, ýylyrak we belki, suwy hem köp ýaşaýyşy bar bolan saýýaralaryň häsiýetleri beýan edilýär. Iş «Astrobiology» žurnalynda çap edildi. Bu barada «rwspace.ru» ýazýar.Alymlar ýaşaýyş bar diýip aýdylmaga «dalaşgär» saýýaralaryň 24-sini ýüze çykardylar. Olaryň hemmesi hem Ýerden 100 ýagtylyk ýylyndan köp uzaklykda ýerleşýärler. Şulse-Makuh barlag işini Jeým Uebiň älem teleskopy, «LUVIOR» älem obserwatoriýasy we «PLATO» älem teleskopy bilen synlamak boýunça alnyp barylýan işler geljekki tagallalary jemlemäge ýardam eder diýip nygtaýar.«Älem teleskoplaryň maglumatlarynyň peýda bolmagy bilen biz köp maglumat alarys, şonuň üçin hem, saýýaralary saýlap almak möhüm» diýip, Waşington döwlet uniwersitetiniň hem-de Berlindäki Tehniki uniwersitetiň professory Şulse-Makuh belledi we: «Biz ünsümizi çylşyrymly ýaşaýyş üçin şert bolmagy mümkin diýlen saýýaralarda jemlemeli. Şol bir wagtyň özünde biz ikinji Ýeriň gözleginde çümüp galmakdan ägä bolmaly. Sebäbi ýaşamak üçin biziň saýýaramyzdakydan hem has amatly ýerleriň bolmagy mümkin» diýip, üstüne goşdy.Saýýaralarda ýaşaýyş gözlemekde tejribe toplan geobiolog Şulse-Makuh barlag geçirmek we ýokary ýaşaýşyň kriterilerini anyklamak hem-de biziň Gün ulgamymyzyň çäklerinden daşardaky mälim bolan 4500 ekzosaýýarada (ekzoplanetada) gözleg geçirmek üçin astronomlar: Maks Plank adyndaky gün ulgamyny barlag Institutynyň işgäri Rene Heller we Wilanow uniwersitetiniň işgäri Edward Ginan bilen işläp başlady. Ýaşamak üçin ýaramlydygy ol ýerde ýaşaýşyň bardygyny aňlatmaýar. Düzülen modele laýyklykda, ol diňe ýaşamaga mümkinçilik berýän şertlerdir.Alymlar öwrenmek üçin öz ulgamynda aýlanyp ýören, suw bar diýip çaklanylýan we özüniň hossar ýyldyzynyň ýeterlik derejede «mähirli» garaýan ýer toparyna çalymdaş bolan saýýaraly saýýara ýyldyz ulgamlaryny saýlap aldylar.Gün — Gün ulgamynyň merkezi. Beýlekileriňki bilen deňeşdirende, onuň ýaşy onçakly uly däl, ol bary-ýogy 10 milliard ýaşady. Ýerde ýaşaýşyň 4 milliard ýyl gowrak mundan ozal peýda bolandygyny göz öňünde tutsak, G-ýyldyzlar diýlip atlandyrylýan biziň Günümize meňzeş ýyldyzlarda şu wagt ýaşaýyş gutaryp barýan bolmaly.Alymlar has sowuk G-ýyldyzlardan başga-da, alymlar biziň Günümizden has sowuk, has ýeňil we ýagtylygy has pes K-karlik (kiçi) ýyldyzlary hem öwrendiler. K-ýyldyzlaryň ýaşy 20 milliarddan 70 milliard ýyla çenli barabar. Bu olaryň orbitasynyň töwereginde aýlanýan saýýaralara ýaşynyň uly bolmagyna, şonuň ýaly-da, ýaşaýşyň ösmegi üçin häzirki wagtda Ýerdäki ýaly çylşyrymly kriterilere, hat-da ondanam köp şerleri dörederdi.Ýöne ýaşaýşyň bar bolmagy üçin özleriniň geoterminal ýylylygyny gutarmaz we geomagnit gorag meýdany bolmaz ýaly, saýýaralar garry bolmaly däl. Ýeriň ýaşy 4,5 milliarda ýyl töweregi. Alymlaryň tassyklamalaryna görä, 5 milliarddan 8 milliarda ýaşy bolan saýýaralar ýaşaýyş üçin iň amatly bolmaly.Munda saýýaralaryň ululygynyň we agramynyň ähmiýeti bar. Alymlar Ýerden 10% uly saýýara ýaşamak üçin has ýaramly diýip hasaplaýarlar. Şonuň ýaly-da, agramy Ýeriňkiden 1,5 esse köp saýýarada radioaktiw dargamanyň hasabyna döreýän içki ýylylyk köp wagtlap saklanylýar, şeýle hem atmosferany has köp wagtlap saklamak üçin onuň has güýçli dartyş güýji bolýar.Suw — ýaşaýşyň açary. Awtorlar onuň has köp mukdardakysynyň, aýratyn hem, çyg, bulut we çyglylyk görnüşindäkileriniň peýdasy uludyr diýip tassyklaýarlar. Olaryň pikiriçe, Ýeriňkiden takmynan 5 gradus Selsiýa köp ýylylyk goşmaça çyglylyk bilen bilelikde ýaşaýşyň Ýerdäkiden gowy bolmagyny şertlendirýär. Ýylylyk bilen çyglylygyň şeýle sazlaşygyny biologiki düzümleriniň baýlygy bilen tapawutlanýan, köp ýagyş ýagýan tropiki tokaýlyklarda görmek bolýar.Görüp otursalar, ýokary saýýarlar diýlip atlandyrylýan 24 «dalaşgäriň» hiç biri hem bu talaplara laýyk gelmeýär eken. Ýöne, olaryň dört häsiýeti ýaşaýyş üçin Ýerdäkiden has amatlydyr diýip aýtmaga esas berýär.

25

4

0

0

0

0

1
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Flag Counter
REKLAMA
Soňky teswirler

Pälwany däli eden gyz


sps, minnetdar gelneje! bettt...dowamy...
Erkin mowzuklar | Pälwany däli eden gyz
AkmyradoffSoft (43 min ozal)

Soraglar...2


Şol men bolaýmasam dynç guni uçman otyrýan...dowamy...

Agla senem


Men seni bireyyam ýatdan çykardym, Yatlap ýormek peydasyza soymeseň, Unutdym, her saher suratyn ogşap, Her Agşamam duyşe giryan diymeseň. Men se...dowamy...
Erkin mowzuklar | Agla senem
Diospyros (1 sag ozal)

Küýseg


Seni şeýlebir göresim gelýar Saňa bolsa parhy ýok zadyň Emma bir gün senem küsärsiň Daşa oýyp ýazylsa adym  Bilmedim nämeden bu gün dunýäm dar S...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Küýseg
Diospyros (1 sag ozal)

Yakynda REP GANATY BU- ozgan gelini mp3


Hoşgal gülüm, seniň toýuň toýlanýar, Bir ýigidiň gelni bolýarsyň bu gün. Ýüregim naýynjar şeýle seslenýär, "Allahym, bagtyňy bersin seniň". Geli...dowamy...

Yakynda REP GANATY BU- ozgan gelini mp3


Başga birne çyksa biwepa bolanok Sebabin bilmeli ilki belki ol ene atasynyň Yuzune gelip bilen daldir...dowamy...

Eje jan, sen hakda yazasym geldi....♥♥♥


Şu mahal ýanymda ejem bolsady! Daşymdan guwanyp, synlap oturan, Ýürek tarlarymy sazlap oturan, Gara saçlarymy sypap oturan, Şu mahal ýanymda eje...dowamy...

Eje jan, sen hakda yazasym geldi....♥♥♥


Ene-atalarymyz yanymyzda wagty, olaryn gadryny bilelin!...dowamy...

Näme sebäpden indi bu şahsyýetler ýalylar ýok?!


Hazirki dowurde birnace adamlar ( ahli adam diyemok) okamagyn deregine pul berip ishini bitirmegini saylayarlar. Pul berip okuwa girenleri ucin h...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© YekeTak.Ru 2019-2021

Powered By CraftLoft