Içeri gir Agza bol
Reklama
Jedelli mowzuklar

DÜRDÄNELER

+2
“Adamyň akyly köpeldigisaýy iç gysmasy artar”. Dostoýewskiý *** “Bir agajyň öňünden ony söýmän, onuň barlygyndan lezzet alman geçip gidip boljakdygyn...dowamy...

Agtyk (hekaya)

+4
Daňdanyň ümüş-tamşyndan bäri çep gözüm çekip dur. «Zenanyň çepi saz, erkegiň sagy» diýip eşidemsoň, durkum bilen şatlykly habara garaşyp başladym. Ort...dowamy...

Başa barmadyk pirim (gülküli kyssa)

+6
Eje bolmak hem-ä bagt, hem-de uly jogapkärçilik. Käwagt dagy ene ýüregim şeýle bir täsin duýgulara gaplanýar welin, ony nädip düşündirjegimi bilemok....dowamy...

Ykbal pursatlary

+6
Orta mekdebi tamamlamagymyza az wagt galypdy, mekdebimizde halypalar, zähmet ussatlary bilen geçirilen duşuşyk hiç ýadymdan çykanok. Şonda halypalaryň...dowamy...

Kitap-ruhy hazyna

+7
Häzirki ösen döwür bilimli we ylymly bolmagyň, dürli dilleri öwrenmegiň, zehiniňi ýitileşdirmegiň zamany hasaplanýar. Sebäbi döwürleriň we eýýamlaryň...dowamy...

Mekdep (Tajik tymsaly)

+4
Ömrüni şäherde geçiren kişi bir sebäp bilen oba göçüp barýar. Onuň ýakyn goňşusy ömrüni ylma bagyş eden akyldar bolup çykýar. Bularyň turuwbaşdan sözl...dowamy...

Göwün güli

+5
Ynsan göwnüniň gülläp bilýändigi hakynda oýlanyp gördüňizmi?! Men-ä şeýle pikir aňyma dolmazdan öňürti göwnüň gülleýändigine anyk-açyk göz ýetirdim. Y...dowamy...

Meni kakam saňa meňzedipdir (oylanma)

+4
«Aý dogupdyr» diýdim ejeme. «Şu wagt görýäňmi? Ol-a düýnem bardy» diýmesine ençe gün bäri gözüm ýokarda bolansoň, biraz geňirgendim. Derrewem üç ýola...dowamy...

atsyz gosgydan

+2
Yagys yagya penjirami nagys edip, Bilmen biri aglayamy yas edip, Olam menin yaly soyguden yanan, Soygulisi ucin otyr gozun yas edip. Ykbalyn oyn...dowamy...

Yuregim gunakar...

+2
- Salam ýüregim! + Salam! - Gowmy ýagdaýlaryň?! + Ol seni taşlanyndan soňra ýadyňa düşäýdimi meniň ýagdaýym? Sen onuň bilen ömürlük bolmajagyñy başdan...dowamy...

Durmuşdäki ýalňyşymyz

+2
Biz adamlar biri-birimiziň gööwnümize degýäs. Ýalňyşymyza düşünýäs ýöne ol wagt eýýäm giç bolýa Şonuň üçin hiç kimiň göwnüne degmäli we ýakynlarymyzyň...dowamy...

Pekinde ilkinji özbaşdak hereket edýän taksiler işe girişdi

+3
Baidu we Pony.ai kompaniýasy özbaşdak hereket edýän awtoulaglaryny sürüjisiz dolandyrmak üçin rugsat aldylar. Kompaniýalardan, sürüjiniň oturgyjynda a...dowamy...

Dünýädäki iň uly möý Hytaýdan gelýän kont

+3
Aýaklarynyň gerimi 30 santimetre ýetip bilýän we dünýädäki iň uly möý hasaplanýan äpet leňňeç möý, fewral aýynyň ortalarynda Britaniýanyň Hull şäherin...dowamy...

Ýewropanyň iň uzyn suwasty geçelgesi

+3
Ýewropanyň iň uzyn suwasty geçelgesi Italiýanyň Genuýa şäherinde peýda bolar. Onuň açylyşy 2029-njy ýylyň ortalarynda meýilleşdirilýär. Uzynlygy 3,4...dowamy...

Täze dünýä rekordy

+3
Amerikanyň Wiskonsin ştatynda ýaşaýan 70 ýaşly Donald Gorske ýarym asyryň dowamynda 35 müňden gowrak burger iyip Ginnesiň rekordlar kitabyny girmegi b...dowamy...

DÜNÝÄNIŇ IŇ DUZLY ÝERLERI

+3
Köp adamlar ýalňyşlyk bilen deňizleri we ummanlary duz üpjün edijisi hasaplaýarlar. Şeýle-de bolsa, ähli suwlaryň 96% -i Bütindünýä ummanyndadyr. Onda...dowamy...

12 milliard dollarlyk baýlygyny bagbanyna miras goýar

+3
Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň birisi bolan “Hermes”-iň 80 ýaşly mirasdüşeri Nikolas Peç özüne degişli baýlygy goýup gitjek adamyny saýlady. Onu...dowamy...

Alymlar kosmiki şöhleler arkaly dünýä täsinliklerinden birini öwrenmegi meýilleşdirýärler

+3
Müsür, ABŞ we Angliýaly alymlar topary, onuň içinde ýerleşýän her bir otagy jikme-jik öwrenmek üçin kosmiki şöhleler bilen Gizadaky Beýik Piramidany (...dowamy...

Barslar barada gyzykly maglumatlar

+3
Barslar sütükli uly pişiklerdir. Olar altyn bedenlerine ýazylan owadan tegmilleri bilen hem meşhurdyr. Bu Afrikaly ajaýyp haýwablar häzirki wagtda büt...dowamy...

Dünýädäki iň ýogyn agaç: sekwoýýa «General Şerman»

+3
Bu agaç gowy ýanmaýar, zyýan berijiler ony iýmeýärler we umuman aýdanyňda ol örän seýrek duş gelýär. “General Derman” swekoýýa agajyň daşyny eliň bil...dowamy...
ÖLÜM JEZASY
 Özümiziňki
 BAYOGUL [off]
 09.05.2024 / 06:53

Hormatly okyjym! Meniň başlan bu gürrüňim ondan-mundan sorag salnyp ýazylan zat däl. Eýsem, bilkastdan adam öldüren zandyýaman ganhoruň jenaýatyny adalat terezesinde çekip-ölçäp, onuň ykbalyny çözen sudýanyň gürrüňi. Şu okaýanyňyz atuwa giden ýaş ýigidiň betbagt ykbalynyň beýany bolmak bilen, meniň özümiň hem ömür ýatdan çykmajak hasratym diýsem, ynanarmasyňyz?
1970-nji ýylyň 30-njy apreli. Säheriň salkyn şemaly Ýokary suduň alnyndaky beýik çynaryň kümüş şelpelerini şabram oýnap geçýär. Ertir şowhunly maý baýramynyň giň köçeleri adamlardan, gyzyl baýdaklardan doldurjakdygy şu mahaldan duýlup durdy. Köçäniň aňry ýüzündäki seýil bagyndan çagalaryň jagul-juguly eşidilýärdi. Suduň zalynda bolsa bu wagt baýram bilen däl-de, ýas-matam bilen bagly agyr ýagdaý höküm sürýärdi. Men Ýokary suduň agzasy, iki ýanymdaky oturdaşlarym bilen bilelikde sud seljerişini geçirip otyryn. Goly awtomatly esgeriň öňünde, kapasanyň içinde, özüniň doganoglan agasyny pyçaklap öldüren, 9 çagany ýetim galdyran ganhor. 21 ýaşyndaky, ak ýüzli, gara gözli, gelşikli, entek öýlenmedik ýigit. Sag tarapda döwlet garalawjysy, çep tarapda aklawjy. Şäher ýakasyndaky obadan çozup gelen jemagatyň derdinden zalyň içi hyň berýär. Bular nähak öldürilen bendäniň hem onuň janyny alan ganhoruň dogan-garyndaşlary, goňşulary, tanyşlary. Yzly-yzyna şaýatlardan sorag edilýär. Ahyry günäkäriň kakasy Allamyrat agadan sorag etmek gezegi gelip ýetýär. Ine, görseň 60 ýaşly, don-telpekli oba adamsy. Gunda ýaly bolup agaran ýaýbaň sakgaly döşüni ýapyp dur. Aljyraňňy, perişan ýüz keşbi onuň iňňän sada häsiýetli daýhan adamdygyndan habar berýär. Döwlet garalawjysy ýaşynyň soňunda uly betbagtçylyga uçran bu bendäniň gerdenine çökerip barýan agyr soraglar ýükleýär:
- Hany aýdyň, şaýat Allamyrat Durdymyrat ogly! Ynha, görüp durşuňyz ýaly, siziň ogluňyz Atanazar arak-piwodan gerk-gäbe bolup, serhoş halda, nähakdan yrsarap, öz doganoglan agasynyň garnyndan pyçak urupdyr. Pyçak sanjanyny özem boýun alýar. Ýöne, "içgili bolamsoň, bilmändirin. Öldürmek niýetim ýokdy" diýýär. Serhoş ýagdaýda jenaýat etmegiň has agyrlaşdyrýan ýagdaýdygyny göz öňünde tutup, men ganhora adyl sudlardan ölüm jezasyny sorajagymy häzirden aýdyp goýýan. Ýöne, Atanazaryň atasy hökmünde, ogluňyza çigidiň gabygy ýaly ýeňillik soramaga, heý, sizde delil barmy? Bar bolsa, aýdyň! Eşideli!
Bu birehim sorag goja kişiniň owalam hasratdan doly ýüzüni egşetdi, ýaýbaň ak sakgalyny sandyratdy. Ýaşuly geplejek ýaly edip, dodaklaryny müňküldetdi-de, geplemäge gurbat tapman, ahmyr bilen kiçi sakgalyny dişledi hem başyny agras ýaýkady. Bu onuň "wah, nädip aýdaýyn, aýdara ýüzüm barmy" diýdigi bolsa gerek.
Garalawjy özüniň beren soragy bilen görgüli bendäni sykaja salan ýaly edendigine öz ýanyndan heşelle kakyp: "Görýäňizmi ediberşimi?!" diýen manyda zalda oturan jemagata garady. Golaýdaky seýil bagda pionerleriň "Ura! Ura! Ura!" diýip gygyrmagy olaryň baýramçylyga taýýarlyk üçin däl-de, döwlet garalawjysynyň ýeňşini gutlamak maksady bilen gygyrylýana meňzedi. Göterim garalawjy betbagt ýaşulyny hasam ezýet beriji soraglar bilen tüýtmelemesini dowam etdi. Men - suduň başlygy - onuň bolşuna çydaman:
- Siziň soraglaryňyzy işe degişli däldigi üçin aýyrýaryn! - diýip, gatyrganyp gepledim.
Günälenýäniň ejesi - gapysynda mal saklap, bazarda sogan satyp güzeran görýän jepakeş aýal - özünden sorag edilende, ýarymýaş aglamjyrap:
- Wah, aýal bolup şu dünýä gelen günüme, ene bolup çaga dogran günüme nälet bolsun! - diýip, ykbalyna gargady. Öýümden daş çykmaga zar boldum! Goňşymyň öli ugran gapysyna gözüm düşende, o bendäň çagalarynyň agysyny eşidenimde, "Ýa Hudaý, meni eglemän ýer ýuwutdyrsana!" diýip dileg edýän. Wah, o giden pahyr öz eltimiň ogly, öz ýüwürjim ahyry! Öz janymy beremde, ol gaýdyp gelsedi, ýaýdanman bererdim! Hany! bolýamy?!
Wepat bolanyň aýalynyň, on sekiz ýaşly gyzynyň, erkek doganynyň sözüni eşitmek hasam ýürek paralaýjydy. Ganhor öz pidasyny onuň çagalarynyň gözüniň öňünde pyçaklap öldüripdi. Kanunda muňa aýratyn zalymlyk diýlip baha berilýärdi. Bu ölümiň hasraty öldüren tarapyň maşgalasyny-da, öleniň toparyny-da, olaryň ilen-çalanlaryny-da basmarlap, agyr hala salypdy. Suduň zalyny dolduran jemagatam, hatda bizem - sudýadyr oturdaşlaram "Eý-how!" diýşip, haşlaşyp otyrdyk. Garalawjy özüniň günäleýji sözi bilen çykyş edende, günäkäre atuw jezasynyň berilmegini sorap, onuň etmişini tutuş adamzady elendirýän iň näleti jenaýat diýip häsiýetlendirdi. Zalda oturanlar ganhora ölüm jezasynyň berilmegini zeruryýet bilip, başga bir jezany pikir-oýuna-da getirenokdylar. Şu uly mejlisde oturanlaryň arasynda 21 ýaşly, entek öýlenmedik Atanazary ajalyň doýmaz-dolmaz holtumyna oklamak islemeýän ýeke-täk bir adam hem bardy. Olam - mendim. Men hiç bir günäkäre ölüm hökümini çykarman diýip, içimden kasam edipdim. Şol döwrüň jenaýat kanunlarynyň köpüsi atuw jezasyny göz öňünde tutýarka, şu jeza milletiň gözüni gorkuzmak üçin esasy çäre hökmünde ulanylýarka, şeýle jeza garşy bolan adam ýurduň iň ýokary sud organynda nädip işläp bilerkä? Merkezi Komitetiň gazaply ikinji sekretary muny biläýse dagy, ber onsoň habaryňy! Milli kadrlaryň jellady bolan garçgaý gözli, hemleli ikinji sekretardan eýmenmeýän adam dünýäde hiç bir zatdanam çekinýän däldir diýerdiler. Elbetde, menem heder edýärdim. Emma meniň jübimde Kerbabaýewiň gol çeken ýazyjylyk bileti, göwnümde bolsa dünýäniň beýik ýazyjylarynyň ruhy bardy. Alyşir Nowaýynyň, Döwletmämmet Azadynyň, Nurmuhammet Andalybyň, Magtymguly Pyragynyň, Lew Tolstoýyň, Rabindranat Tagoryň ynsana çuňňur söýgüden doly taglymaty meniň kalbymda bolşewikleriň ýowuz taglymatyndan has belent orundady. Ruhyýet öwlüýäleriniň pikiriçe, günäkäri gyzgyn güllä tabşyrmak gara güýje daýanýan häkimiýetleriň iň pis tapyndysydy. Men on dört ýyl bassyr "Türkmenistan" neşirýatynda kitap redaktory bolup işlänimde, çeper edebiýatyň akýan ruhyýet bulagyndan gana-gana içipdim. Indi bolsa maňa, ölüm hökümine gol çekip, sowet kanunçylygynyň awy-zäherini içmeklik garaşýardy.
Ine, men iki oturdaşym bilen bile, günäsi subut bolan Atanazaryň ahyrky ykbalyny çözmek üçin, geňeş otagyna girip, işigi içinden gulplaýaryn. Gapynyň daş ýüzünde hem penjiräniň öňünde goly awtomatly esgerler bizi keseki täsirinden berk goraýarlar. Günäkäre atuw däl-de, on bäş ýyl tussaglyk jezasyny bermäge oturdaşlary göwnederin diýen ynam bilen stoluň başynda höküm ýazyp otyryn. Sudýanyň pikiri bilen köplenç halatlarda oturdaşlaryň ylalaşýanlygy däp bolup gelýän ýagdaý. Hökümiň kanunalaýyklygy üçin döwletiň öňünde esasy jogap berýän oturdaşlar däl-de, sudýanyň özüdi. Hökümde ölüm wakasyny hem-de sudda anyklanan subutnamalary beýan edip, jemleýji bölüme ýetenimde, men gerinjiräp penjiräniň öňüne bardym. Gant bilen gök çaý içip oturan hemralarym maňa-da bir käse çaý guýup, hödür etdiler. Ýöne, meniň bar ünsüm aýnadan görünýän baglyk howludady. Eýjejik çaganyň süýji dilde jedirdeýşi ýaly saýraýan garajokjokynyň täsin jüýbüldisi meni bendi edipdi. Gök ýapraga basyrylan gaba agajyň iň gizlin ýerinde höwürtge edinip, jüýje çykaran guş bu dünýäde ýaşamagyň neneňsi bagtdygyny, zürýat öndürmegiň ne ajaýyp zatdygyny, höwürtgedäki ilde ýok owadan jüýjejikleriň çüňkleriniň lagly-jowahyrdandygyny, ganat-perleriniň zer-zeberjetdendigini wasp edip, aňyrsyna çykyp bilenokdy. Balalarynyň üstünde kökenek gerýän jokjokynyň jüýp-jüýbi seýil bagyndan eşidilýän orkestriň dabaraly sazyna goşulýardy. Şu mahal ölüm jezasy hakda piker etmegem akyla sygjak zat däldi. Men hökümiň jemleýji bölümini eýýäm kagyza ýazan ýaly edip beýan etdim. "Türkmenistan SSR-niň Ýokary sudunyň jenaýat işler sud kollegiýasy höküm edýär: Atanazar Allamyradowy jenaýat kodeksiniň 106-njy maddasynyň 4-nji punkty esasynda günäli bilmeli hem aýratyn zalymlyk bilen adam öldüreni üçin, on bäş ýyl azatlykdan mahrum etmeli..."
Emma men aýtjagymy aýdyp gutarmankam, oturdaşlaryň ikisi iki ýerden:
- Atuw! Atuw! - diýşip seslendiler.
Men atuw jezasynyň düýpden manysyzdygyny, 21 ýaşly ýigidi atanyň bilen öldürileniň gaýdyp gelmejegini, arak-piwo içip ýören bibaş oglanyň agyr jenaýata baş goşmagynda jemgyýetiňem ýazygynyň bardygyny aýdanymda, meniň bu delillerim oturdaşlara hiç täsir etmedi. Olar edil dilleşen ýaly, atuwdan başga höküme gol çekmeris diýip, aýak dirediler. Men bulary pälinden gaýtarjak bolup, 15 ýyl berlen käbir ölümli işleri mysal getirdim. Emma bu aýdanlarymyň hem peýdasy degmedi. Olar gaýtam meniň üstüme sürnüp, häzir bütin jemagatyň ölüm hökümine garaşýandygyny tekrarlaýardylar.
- On bäş ýyl diýip, nä ýüzümiz bilen köpçüligiň öňüne çykarys. Dokuz çagany ýetim goýan peläket, jan almany başardymy, goý, jan bermäni hem başarsyn! Oňa hijem rehim etmek bolmaz! Şunuň ýalyda dökülen ganyň öwezine gan dökmeseň, ýene-de adam öldürmek islän tapylar. Şolar ýalynyň öňünden gözüni gorkuzmak gerek. Biziň pikirimizçe, Atanazar ýalyny milletiň üýşen ýerinde, jygyldyk bazarynda, ile göz edip atmak gerek!
Men adam janynyň mukaddesligini göz gorkuzmak arkaly gazanman, aň-düşünjäni, terbiýäni artdyrmak arkaly gazanmalydygyny aýtdym.
- Hany, baryň-da şu akylyňyzy merhumyň hossarlaryna, onuň ýetim galan neresse çagalaryna düşündirjek boluň-da - diýip, oturdaşlar ýeň berer ýaly däldi. Ahyrynam olar meni ölüm hökümine gol çekmäge mejbur etdiler. Şol hökümi jemagatyň öňünde yglan etmek meniň boýnumady.
Sekretar abaýly ses bilen:
- Sud gelýär! Ýeriňizden turuň! - diýende, zal doly mähelle güpürdäp ör-aýaga galdy. Biz sudlaram üç ýyldyz ýaly öňe saýlanyp çykdyk. Men içimden turýan gorkynyň galpyldysyny saklajak bolup, hernäçe jan etsemem, başaramokdym. Okamaly kagyzlarym golumda sandyraýardy, okap başlanymda sesimem öz gulagyma keseki biriniň owazy ýaly bolup eşidilýärdi. Göwnüme, men şu mahal jelladyň işini edýän ýalydym. Günäkär meniň öňümde, hamala, öldürilýän goýun dek güýlünip ýatan mysally, menem ýalaw ýaly ýiti pyçak bilen onuň damagyny garladyp çalýan şekilli. Ak damakdan waglap çogýan damakgan meniň elime, ýüzüme syçraýarmyka diýýärdim.
"Günäkär ölüm jezasyna - atuwa höküm edilýär" diýenimde saklawlar Atanazaryň iki goşaryna şarkyldadyp gandal urdular. Beýdilmegi bagtsyz ýigidiň öli hasabyna geçirilendigini aňladýan ýaly boldy. Işigaýdanyň şum ykbalyna, daşyndan görmäge, hiç kim gynanmady, hiç kim aglamady.
Men işiň ahyrynda köne gatnaýan ýolumdan, seýil bagynyň içinden öýe gaýdyp gelýärkäm, özümi urlup-ýenjilip goýberilen adam ýaly duýýardym. Ötüp geçen akyldarlaryň meniň kalbymda dikelden altyn minarasy ýumrulyp çagşapdy. Gadymy kitaplardan okan bir wakam öňküsinden has ähmetli bolup, meniň hakydama geldi. Olam türkmenleriň messep baştutany Ymam Agzam Abu Hanifa an Nugman ben Sabitiň (699-njy ýylda doglan, 767-nji ýylda dünýäden öten) yslam döwletiniň täze paýtagty Bagdatda kazy wezipesine geçmeli diýen teklipden üzül-kesil ýüz dönderenligidi. Halyf Mansuryň ony zyndana taşlasa-da, zyndanda ýençdirse-de göwnedip bilmänligidi. Günäni-sogaby inçeden yzarlaýan uly alym kazy bolup, ynsanlaryň ykbalyny çözmegi, megerem, almaz gylyjyň ýalaw ýaly ýiti tygyndan aýakýalaň ýörän dek irnik görendir. Wah, men şu wagt onuň halyna düşünýän-le! Sudýalyk işine çagyrylanymda göwnemeli däl ekenim-dä! Çeper edebiýatyň jennet bagynda ynsanperwerligiň şirin bulagyndan gana-gana içip ýörsem bolmaýamydy? Çüňküne altyn çaýylan, ganaty-peri zer-zeberjetden bolan eýjejik guşlaryň jürrüldisine gulak salyp ýörsem bolmaýamydy?! Näme üçin öz aýagym bilen gelip, özümi dowzaha urdumkam?!
Ymam Agzamyň ölüm jezasyna garşy bolmagy barada gyzykly bir rowaýat saklanyp galypdyr. Yslam ylmyna ilkinji gezek ýazuw däp-dessuryny girizen ymam gamyş galama uç çykarmanyň ussady hasaplanan. Musulmanlaryň patyşasy halyf Mansuryň huzurynda oturan mahaly, oňa öz hünärini görkezmegi buýranlar. Abu Hanifa on sany gamyş galama uç çykaryp, hökümdaryň öňünde goýanmyş-da, soňam olaryň ujuny ýekän-ýekän döwenmiş. Patyşa nägilelik bilen: "Bu näme etdigiň boldy?!" diýip soranda, ymam oňa: "Siz meniň uç çykaran galamlarym bilen ölüm hökümine gol çekersiňiz, menem günäsine şärik bolaryn" diýenmiş.
Ertesi birinji maý baýramydy. Bu gün bezenip köçä çykmak ähli işçi-gullukçynyň borjy. Menem sap-sap mähelläniň arasynda, öz edaramyzyň işgärleriniň içinde. Depämizde gyzyl baýdaklar pasyrdaýar, mawy asmanda ak ganat kepderiler perwaz urýar. Orkestr dabaraly marşlar çalýar. Köçäniň ýakasyndaky azyk magazininiň arkasyna aýlanyp, bir çüýşäni aýak üstünden üç bolup jyňkydan ýoldaşlarym meni düýnki çykaran birinji hökümim bilen gutlaýarlar. "Özünem tarkyldatdyň-aý!" diýip, atuw berlendigini ajap bir zat ýaly edip magtaýarlar. Içimi it ýyrtyp barýanam bolsa, olaryň ugruna menem ýylgyran bolýan. Özbaşdak pikirlenmäge, göwüň hyýalyňa görä hereket etmäge ýol ýokdy. Menem atuw hökümi üçin ahmyr edýänligimi daşyma çykaryp biljek däldim. Gaýtam özümi hil bir iş bitiren adam ýaly alyp barmalydym. Oturdaşlaryň ýanynda, geňeş otagynda aýdan zatlarym şol ýerde galýardy.
Ynsanyň ynsan ganyny dökmesi - bu bedähet jenaýat adam ogly bu dünýäde peýda bolan gününden bäri ony sypdyrman yzarlap gelýärdi. Ganhorlugyň hut Adam aleýhyssalamyň maşgalasynda, onuň Kabyl bilen Habyl atly ilkinji perzentleriniň arasynda bolanlygy Töwratda, Injilde beýan edilýärdi. Rabguzynyň "Kasas el-enbiýa" kitabynda bu wakanyň musulman rowaýaty gürrüň berilýär. Onda şeýle diýilýär. Adam atanyň Kabyl hem Habyl diýen ogullarynyň ikisem bir gyza hyrydar bolýar. Atalary olara gurbanlyk bermegi buýrup, kimiň gurbanlygyny Taňrytagala kabul etse, şolam gyza öýlener diýip şert goýýar. Çarwadar Habyl öz malyndan, ekerançylyk bilen meşgul bolýan Kabyl bolsa bugdaý hasylyndan gurbanlyk berýär. Asmandan ýyldyrym inip, Habylyň gurbanlygyny ýandyrýar. Bu ýagdaý şol gurbanlygyň kabul bolýanlygyny aňladýan ekeni. Kabylyňkyny bolsa Allatagala kabul etmändir. Muňa gahary gelen Kabyl: "Men seni öldürerin!" diýip, doganyna hemle uran, hoş gylykly, mylaýym häsiýetli Habyl: "Näme etseňem, men saňa golumy galdyryp gaýtawul bermerin" diýipdir. Kabyl daş bilen urup, Habyly öldürýär. Gürrüňi gysgaldyp, Adam aleýhyssalamyň ganhor ogluna jeza berýän ýerine geleliň. Söwer balasynyň ölümine juda gynanan peder Kabyla jezanyň ýamanyny bermegi niýet edip, Taňrydan Ýeriň ygtyýaryny diläp alýar. Ol gazap bilen: "Şu günäkäri diriligine ýuwutgaýsen!" diýip, Ýere buýruk berýär. Ýer Kabyly topugyna çenli ýuwudýar. Adamata ýene-de "Ýuwutgaýsen!" diýip buýurýar. Günäkär dyzyna çenli Ýere çomýar. Soňra biline çenli, boýnuna çenli Ýer ýuwudýar. Eňegi toprak dirände, Kabyl atasyndan günäsini geçmegi soraýar. "Sen özüň behiştde bugdaý iýip günä galaňda, Allatagala seniň ýazygyňy ötmedimi? Senem meniň ýazygymy öt!" diýip ýalbarýar. Emma külli ynsanyň pederi: "Seniň ýazygyň ötülýän ýazyk däl. Sen jemi adama, indiki doguljak nesillere kast etdiň!" diýýär. Kabyl atasyndan umydyny üzüp, "Ýeriň ygtyýaryny atamdan algyl" diýip, Taňrytagalladan dileg kylýar. Hak Huda onuň dilegini kabul edip, Ýeriň ygtyýaryny Adam atadan gaýdyp alýar. Şondan soň pederiň buýrugy Ýere ýöremeýär. Kabylyň jezasyny Taňrynyň özi kesgitleýär. Onuň emri bilen asmandan inen perişde Kabyly Ýeriň ýüzüne ýedi gezek aýlap gelýär-de, ony Ýere pylçap urup heläk edýär. Töwratda rowaýatyň dowamy başgarak. Ganhor ýurtdan kowlup, uzak ýerde mesgen tutýar. Şol ýerde öýlenip, nesil öndürýär. Allatagala Habylyň ölümine agyr hasrat çekýän Adam aleýhyssalamyň derdini ýeňletmek üçin oňa Şeýs diýen bir ýagşy ogul berýär.
Ine, şu wakadan soň, müňlerçe ýyllaryň dowamynda, ganhorlyk belasy arkama-arka, nesilme-nesil, şu güne çenli adamzadyň başyndan aýrylmaýan towky nälet bolup gelýär. San ýetmez ganhorlar dardan asyldy, ençemesiniň kellesi kesildi, soňky zamanlarda olary gyzgyn güllä tabşyrmagy, elektrik kürsüsinde çürüşdirmegi adat edindiler. Emma biri-birinden gazaply jezalar adam öldürýänleri hem beýleki gahabat jenaýatlary edýänleri amana-toba getirip bilmedi. Käbir Ýewropa ýurtlarynda bolsa adam janyny onlap, ýüzläp alýan manýaklar peýda boldy. Ahyrsoňy adamzat ganhorlygy gazaply jeza çäresi bilen ýok edip bolmajagyna akyl ýetirdi. Häkimiýetler güýje daýanmagyň, göz gorkuzmagyň manysyzdygyna düşündiler. Dünýäniň uly döwletlerinde howply jenaýatlar üçin ölüm jezasy berilýän bolsa-da, indi köp ýyl bäri şol hökümler ýerine ýetirilmän goýulýar. Häzir dünýä jemgyýetçiligi ölüm jezasyndan ýüz döndermegiň ýoluna düşdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy zyndana düşen raýatlaryna özüniň beýik kalbyndan rehimdarlyk, geçirimlilik, dözmezlik, ynsanperwerlik nuruny saçmak bilen, müňlerçe bendileri azatlyga çykardy. Görlüp-eşidilmedik möçberde edilen bu iş bütin dünýäni haýran galdyrdy. Türkmenistanda sogap hem sahawat jemgyýetiniň düýbüni tutan Türkmenbaşy günäkärleri güýç bilen, gorkuzmak bilen ýola salman, eýsem, ýagşylyk bilen ynsaba çagyrmagy esaslandyrdy hem durmuşda amala aşyryp başlady. Ölüm jezasyny ýatyrdy. Adam aleýhyssalamdan bäri halyflara, patyşalara, soltanlara başartmadyk meseläniň çözgüdi biziň parasatly Döwletbaşymyz tarapyndan äşgär edildi.
Men Türkmenbaşynyň Ruhyýet köşgünde, Ählihalk maslahatynda otyrkam, Prezidentimiziň ölüm jezasyny ömürlik ýatyrmak hakyndaky karara gol çeken pursady, özümiň Atanazar Allamyradowyň ölüm hökümine gol goýan günümi hem şondaky ruhy azaplarymy ýatlap, uludan demimi aldym. Ýogsa-da, Atanazaryň atylyşy barada iki agyz söz aýdaýyn. Ol bir ýyllap ölüm kamerasynda häli atylaryn-şindi atylaryn diýip, gapy şykyrdasa tisginip ýatdy. 1971-nji ýylyň aprelinde ony hökümiň ýerine ýetirilýän ýerine - Daşkent şäherine iberdiler. Şondan soň bahym Ýokary suda oglanyň atylany barada ýörite kagyz gelip gowuşdy. Men hökümi çykaran sudýa hökmünde şol kagyzy okap, gol çekmelidim. Suduň ýörite bölümine baranymda, Daşkentden iberilen ýene bir zada gözüm düşüp, depämden gaýnan suw guýlan ýaly boldum. Görsem, atylan ýigidiň geýim-gejimi, goşjagazy-da kiçijek düwünçek edilip iberilen ekeni. Kalbym lerzana gelip, "eý-ho!" diýip, pelegiň gerdişine haýranlar galdym.
Belkem, meniň bu hekaýatymda ýatdan çykyp galan saýrak guşjagaz-garajokjoky höwürtgesindäki eýjejik balasyny durmuş ýoluna uçurym edip, bagta ýetendir? Wadaryga! Ol bagtygaranyň çüňküne altyn çaýylan, ganat-peri zer-zeberjetden eziz zürýatlaryny suduň garawuly Eýmir aganyň semiz ala pişigi agaja çykyp, lak-luk ýuwdupdy.


44

9

3

3

0

0

1
Teswirler:
 Özümiziňki
 Guljagaz [off]
  Barlygy dert, ýoklugy dermandyr käbir ynsanlaryň..
 10.05.2024 / 08:45

+0

Like❤

 Özümiziňki
 Guljagaz [off]
  Barlygy dert, ýoklugy dermandyr käbir ynsanlaryň..
 10.05.2024 / 08:46

+0

Gowy eken


Özümiziňki
BAYOGUL  (10.05.2024 / 18:49) 

Guljagaz, sagbol

 Täzeje
 Diamante [off]
 10.05.2024 / 21:51

+0

gözüm çaşaryp gitdigowy gowy

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

DÜRDÄNELER


Mlds Baýogul...dowamy...
Erkin mowzuklar | DÜRDÄNELER
Prinsesa (Şugün, 18:00)

DÜRDÄNELER


Aha mlds...dowamy...
Erkin mowzuklar | DÜRDÄNELER
BAYOGUL (Şugün, 13:45)

Agtyk (hekaya)


Like❤️...dowamy...
Erkin mowzuklar | Agtyk (hekaya)
BAYOGUL (Şugün, 13:44)

Ykbal pursatlary


Like❤️...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ykbal pursatlary
BAYOGUL (Şugün, 13:43)

Kitap-ruhy hazyna


Mana aytya gerek...dowamy...
Erkin mowzuklar | Kitap-ruhy hazyna
BAYOGUL (Şugün, 13:42)

Göwün güli


Like😀...dowamy...
Erkin mowzuklar | Göwün güli
BAYOGUL (Şugün, 13:41)
Ähli hukuklar goralan!
© YekeTak.Ru 2018-2024

Admin:We-Pro
Яндекс.Метрика