Içeri gir Agza bol
Reklama
Jedelli mowzuklar

aksiya

+1
Salam hormatly agzlar size su sayda mowzukler durli gornusde yetirip durmanyzy hayys edip oyun gecirmegi makul bildim 1ayyn dowamynda 1000 den gowurak...dowamy...

atsyz gosgydan

+1
Yagys yagya penjirami nagys edip, Bilmen biri aglayamy yas edip, Olam menin yaly soyguden yanan, Soygulisi ucin otyr gozun yas edip. Ykbalyn oyn...dowamy...

Arym alan durmuş jemleýji bölum

+2
Bir gün öýdäkiler, Begenji öýermek barada gürrüňi gozgadylar. Begenjiň öz halaşýan gyzy bar eken. Aýdyşyna görä «Kakasy bir edaraň başlygy, üç oguldan...dowamy...

Ol özüni gözleyar

+1
Bu geňem bolsa, şeýle. Ol özüni gözleýär. Ýöne hiç tapanok. Ýadynda welin, şular galypdyr: Eline galam berlen, ýüregi ýaşlyk joşgunyndan doly oglan....dowamy...

Ykbal pursatlary

+3
Orta mekdebi tamamlamagymyza az wagt galypdy, mekdebimizde halypalar, zähmet ussatlary bilen geçirilen duşuşyk hiç ýadymdan çykanok. Şonda halypalaryň...dowamy...

Dümew barada

+3
Bu makalada hiç bir maglumat hakynda salgylanma ýok. Bu makalada üpjün edilen maglumatlar hakynda salgylanma görkezilmändir. Bu maglumatlaryň ygtybarl...dowamy...

Tygşytlylyk (yapon tymsaly)

+3
Tokio şäherinden bolan täjir bir sebäp bilen uzak ýola rowana bolupdyr. Onuň ýoly Nemeri derýasynyň üstünden geçipdir. Gijäniň bir wagty köprüden geçi...dowamy...

SAÝRAK BILBIL

+2
ÝADYGÄRLİK GALSYN Serediň adamlar, sözleýär asman, Sözleýär seslenip mawy bulutlar. Serediň, serediň, baksaňyz her ýan, Sözleýär seslenip bägüller, ot...dowamy...

Teňňeleriň şyňňyrdysy

+2
Ymam Muhammet Hasanyň okuwçylarynyň biri Müsüre barypdyr. Şol ýeriň halky gysgançlykda ýakasyny tanadan eken. Ol bir dükanyň öňünde oturyp, horjunynda...dowamy...

Gyzlara degishli goshgy

+2
Aslynda asylly gözel gyz bolsañ. Adamlaryñ köp ýerinde görünme. Durşuñ bilen kereşmedir näz bolsañ. Artykmaç näz boljak bolup urunma. Hemmeler sen gyz...dowamy...

Kitap-ruhy hazyna

+3
Häzirki ösen döwür bilimli we ylymly bolmagyň, dürli dilleri öwrenmegiň, zehiniňi ýitileşdirmegiň zamany hasaplanýar. Sebäbi döwürleriň we eýýamlaryň...dowamy...

Agtyk (hekaya)

+1
Daňdanyň ümüş-tamşyndan bäri çep gözüm çekip dur. «Zenanyň çepi saz, erkegiň sagy» diýip eşidemsoň, durkum bilen şatlykly habara garaşyp başladym. Ort...dowamy...

Başa barmadyk pirim (gülküli kyssa)

+3
Eje bolmak hem-ä bagt, hem-de uly jogapkärçilik. Käwagt dagy ene ýüregim şeýle bir täsin duýgulara gaplanýar welin, ony nädip düşündirjegimi bilemok....dowamy...

Gopuzly gyz

+2
Myrat sazanda ir bilen agtyklaryny mekdebe äkitmek üçin ulagyna mündi-de, köne endigine eýerip heniz olar gelmänkä radiony açdy. Hoş owazly bagşy ýigi...dowamy...

"ARAK IÇEŇDE" (degişme goşgy).

+1
(Munça içmekligiñ ýokdy geregi) Sen göýä dälidek ýitipdir añyñ, çenden aşa köp içende aragy. çüýşleriñ sany bolupdyr elli, Seniñ bolup ýörşüñ şondanam...dowamy...

ukusyz gecirilen gije

+3
Hazaryň üstünden öwüsýän mymyk ýeliň güýji tomsuň howurly yssysyny biraz ýumşatdy. Iş güni ahyrlap barýardy. Işgärler işlerini tamamlap, ýerlerini ara...dowamy...

Soygilime

+3
Senin gara gozlerine doneyin, Sen bar mende besdir ozge gozlemen, Soyan diydim sana ozga diymerin, Sen bar mende besdir ozge soymerin. :h...dowamy...

Sorag

+2
Taryhda in kop yashan imperiya haysy imperiya we nace yyl yashapdyr bilyanizmi...dowamy...

“HAZYNA”

+2
SOGANYŇ IÇ-Ä IÇ, DAŞAM DAŞ Ine düňderilip barýan tereň nowhana*. Agtyklaryny eýerdip, onuň gyrasyna gelen garry enäniň birden aýagy taýaýmazmy. Gör,...dowamy...

ÝÜREK

+2
Ýüregiňizi diňläň! Baryň huzuryna päklenip kemsiz. Uzyn gijelerde galyň ikiçäk. Darkaşyndan başly – barat duýgulaň Ýürek – size sypalgadyr ýeke-täk....dowamy...
JANSEREK4
 Özümiziňki
 BAYOGUL [off]
 04.05.2024 / 16:28

JANSEREK
(dowamy)

[Öňi: Janserek - roman / 3]
ÜÇÜNJI BAP

Guýuda ýatan nökerleriň gurdy gündiz uwlady. Rahmanyň Asmansyz dolanyp geleni üçin Hudaýa şükür etdiler. Indi Agahanyň bahanasy gutaran bolsa gerek!..
Olar ýarag taýýarlamak bilen boldular. Has ir turup, atlary suwa ýakdylar, ýogsa, agşama deňiç hiç ýere gidilmejegine on adamyň onusynyňam gözi ýetikdi.
Uzak ýoldaş bolup görmese-de, Agahan bu adamlara eýýäm düşünipdi. Olar wakasyz geçen güni ömrüň köýen pursaty saýýardylar. Hemişe “ur” diýilse, öldürmäge taýýardylar. Olaryň öz maksady bardy. Şol maksadyň amala aşmagy üçinem olara sebäp gerekdi. Bu sapar Agahanyň islegi sebäp bolmalydy.
Olar obany ýangyna bererler, gabat geleni okdan geçirerler. Kim dost, kim duşman ─ saýgarmak olaryň işi däl. Haram keýpiň ýelgini olaryň gözüni gapar, kimiň gyzy, kimiň gelni diýip durmazlar, çem gelene el urarlar. “Beýle-de bir rehimsizlik bolarmy?” diýseler, “Agahana şu gerek” diýerler.
Agahan olary bir topar ýarak ite meňzetdi. Çem gelene agyz urup ýörmez ýaly, ýarak iti zynjyrda saklaýarlar. Agahana diňe küşgürilen adamy ýarýan it gerekdi.
Agahan oýlanyp, şeýle netijä geldi: “Oba bäş adam alyp gitmeli. Başaryp bolsa, duýdansyz gidip, duýdansyz gelmeli. Entek Gaýratyň üstüne topulyp, onuň otrýadyny dargatmakdan ir. Agahanyň dogany nähili pikir edýär? Obada bolsa, ol agşamky wakany gözi bilen görendir ahyry?! Ýa-da öz ýanyndan begenip ýörmükä? Bu zamanda her pislige garaşsa bolar! Umuman, onuň taryna kakyp görmeli. Gaýdyşyn bolsa, Rahmanyň külbesiniň üstünden sürüp, Asmany atyň öňüne basmaly”...
Göwünleri göterilen ýigitler ýöne oturyp bilmediler. “Ýüzük” oýnamak üçin iki topara bölündiler. Olary hiç kim bölmedi, olar öňden bölekdi. Häzir her topar öz artykmaçlygyny mazamlamaga pursat arap, gylaw bilen ýüzbe-ýüz durdy.
Bije atyldy. Aýazyň topary ýüzügi gizlemelidi. Tapmaly topara Hydyr ýolbaşçylyk edýärdi.
Hydyr bu saparam Aýazyň myrryhyny tutdurdy. Hydyr burny sümükli çaga bilen oýnaýan ýaly garşydaşyna ýaňsydyjy ýylgyryp seretdi. Soňam, endigine görä, ýazgyn gytyk murtuny sypap söz gatdy:
─ Aýaz jan, sen almaly ýeriňde ýolbars ýalysyň weli...
─ Wah, şoňa gözüň ýetýä dälmi?!
─ Bu sapar aňňalak gapjagyňy aňdyň öýdýän. Oglan, öňürti şertiňi aýdarlar...
─ Eger sen “dünýäni orta goýaly” diýseňem, men bar!
─ Häý jänä!.. Asyl, deýýus, öz harydy bilen söwda etmez, tüýs jellabyň ogly-da...
Aýaz oýny ýatdan çykardy. Eýýäm dodaklarynyň gany gaçyp, ýüzi kesek ýaly jansyz göründi.
─ Men kellämi goýjak, ýöne bir şert bilen ─ Aýaz öýe tarap kellesini silkdi. ─ Senem şojagaz harydyňy orta goý.
Hydyryň kiçijik burnunyň deşikleri birden ýel alyp, tutuş murty ýokary dartyldy.
─ Men orta goýmaly zady görkezeýinmi saňa?!.
Garpyşyga ýetdi. Agahan ara sokuldy. Ol:
─ Bolşuňyz nähili-aýt?! ─ diýip, bady gaçan ýigitleriň ýüzüne ser salyp çykdy. ─ Şert gerek bolsa, men aýdaýyn: haýsy topar utsa, şo toparam meň bilen oba gider.
Duranlaryň bary birden Agahana şübheli garady. Umumy bähbidiň aladasy bada-bat olaryň towuny ýazdy. Aýaz:
─ Baý, sen bizi böljek bolma ─ diýdi.
─ Eger-de siz meni keseki saýýan bolsaňyz, onda çekinmän ýüzüme aýdyň, ýigitler. Menem öz göwnümdäkini aýdaýyn, goý, gümürtik zat galmasyn. Altyn arzyly daş, ýöne bahasy bar. “Siziň bahaňyz bar” diýsem weli, Allanyň öňünde ýüzügara bolaryn.
─ Diýseňem-ä, baý aga...
─ Aýaz, talaňçylykdan maksat bolmaz.
─ Ha-ha, geliň onda başa selle orap, mollaçylyk edeliň.
─ Ýeri gelse, edibermeli bolar.
─ Jk, şo men görgüliň başarmajak zady-da. Kulhualladan başga bilýän zadym ýokdur.
─ Kulhuallany üç öwre gaýtalasaň, aýat bolar.
Agahanyň sözüne duranlar gülüşdi. Aýaz janygdy:
─ Ýeri, siz nämä gülýäňiz? Weý, ertirden bär-ä, äre çykjak gyz ýaly, agşamyň aladasy bilen başagaýdyňyz?..
Hydyryň ýeňsesinde duran uzyn eňek:
─ Senden başga-da adam bar, how! ─ diýdi.
Hydyr gaşlaryny bürüşdirip, Agahana garady.
─ Baý, seni diňleýäs.
─ Ýigitler, bir zady unutmaň: oba talaň salyp, maňa kömek etmersiňiz. Ýene Gaýratyň diýeni bolar. Onuň maksady ─ obany talatmak, bizi biabraý etmek. Agahanyň öýüniň depesinde gyzyl baýdak diksem, çydamaz, gaharyna obany gyrgyna berer öýdendir. Men akmak däl-ä.
Hydyr onuň sözüni bölüp:
─ Biz seniň şertiňe razy ─ diýdi. ─ Aýaz han, dowam edýäsmi?
Aýaz Hydyryň sowan göreçlerine ýigrenç bilen garady. Aýaz özüni maňlaýy gara hasap etdi. Gör-le, asyl ol indi Aýazy hasabam edenok, ähli duranlaryň kethudasy hökmünde baýa jogap berýär. Ýeri, Aýazyň ýaranlaryna näme diýjek?! Seret, olaram agyzlaryny öweldişip durlar!..
Aýaz özüni gönümellikde aýyplady. “Öňürti topulman” diýip, telim öwre özüne söz beripdi. Başarmady. Belki, hiç mahalam başarmaz. Belki, şu häsiýeti ony gabra dykar. Öňden Allanyň maňlaýa ýazany şeýledir?! Ykbal bilen dalaş gurmaga onuň çaky ýok, ýöne mundan artyk Hydyryň sütemine çydamajagyny aňdy. “Ol Aýaza zeper ýetjegini bilse, enesini satmaga kaýyl. Seret, häzirem baýyň aýdanyny mamla hasap etdi oturyberdi. Hakykatda weli, ol baýyň teklibini unanok, unanok! Gör, Aýazy awundyrmak üçin öz isleginden el çekýär”.
Aýaz öz ýanyndan: “Men haçan şu nejis murty, sürpek ýaly ýasy maňlaýy görmekden dynarkam” diýdi. Gurbaganyň alkymy ýaly sähel zada ýel alyp duran burnunyň deşikleri gursun! Şolary görende Aýazyň ýüregi bulanýar. Jelladyňky ýaly rehimsiz, sowuk göreçlerinden, dogrusy, biraz eýmenmänem duranok.
Aýaz pursata garaşýardy. Onuň ýeke-täk arzuwy Läläni ele salmak, onuň mährinden ganmak, Agahan başaşak gitsin! Onuň obasyny ýer hopanda-da, Aýazyň artyp ýa-da kemelýän zady ýok. Wah, Läle diýsene!.. Häzirem, hol ak öýüň içinde aý ýaly bolup oturandyr. Gijeler ony düýşünde göreni üçin Allanyň adyna alkyş okardy. “Läle-de meni düýşünde görýärmikä?” diýip, kämahal ejizlärdi. Ony Hydyr bilen bir düşekde gözöňüne getirende, dünýä tersine düňderlerdi. Ýürek derdini unutmak üçin ukyny küýsärdi. Uky nire?! Edil, gözüne çiş kakylan dek, urnup daňyny atarýardy.
Jeza uzaga çekdigiçe, Aýaz belli karara geldi: Hydyrdan dynmaly! Eger ony duşman güllesi almasa, onda Aýazyň güllesi alar!
Ol oba çozulyp, gala-goplugyň bolaryna garaşypdy. Hydyr bu saparam sypdy. Indi Aýaza oýny dowam etmekden başga alaç ýok. Bagty çüwüp, oba özi gitmeli bolsa, ýanyp duran ýüregini az salym sowadar ýaly gabat gelen zenan maşgalany gola salaryn öýdýärdi.
Ol ýoldaşlaryna ynanman, ýüzügi özünde saklady. Sähel salym geçmänkä-de, edenine ökündi. Hydyr eýýäm onuň ýaranlaryndan ikisini çykardy, özem birjik emgenmän çykardy. Her saparam Aýaza garap:
─ Syr saklamak aňsat däldir, ho-ow... ─ diýýärdi. ─ Ýüregiň daşa dönmese, gözüň ölmese bolmaz-a. Siziň bolsa, gözüňiz aýdyp dur. Isleseňiz gözüňizi ýumup oturyň, onda-da ýüregiňiz serçäň ganaty ýaly pysyrdaşyp dur-a.
Aýaz ýüzüni aşak salyp: “Ol meni masgaralajak bolýa” diýdi. Endamyna ýakymsyz sowuk der geldi. Ýüreginiň gürsüldisini eşitdi. Köşeşip bilmejegine göz ýetirdi. Şol mahal Hydyr bokurdagyna bat berip:
─ Geliň, muny uzaldyp oturmalyň-la ─ diýdi. Sähel salymdan onuň gara ädikleri Aýazyň alkymynda togtady. ─ Aýaz han, hany bir ýüzjagazyňy galdyr, gözüňi göreýin.
Ol Aýazyň ýigrenç bilen ýylgyryp seredenini görende, biraz yza çekildi. Tüýküräýmesin diýen gorky bilen, ýüzüni bir tarapa sowdy. Edil şol pursatam ýüzük Aýazda diýen netijä geldi, ýöne netijesini aýan etmäge howlukmady. Oýunlyga salyp, Aýazy gynasy gelýärdi.
Ilki bilen onuň kükregine elini goýdy. Tomaşa edip duranlaryň arasyndan biri gygyrdy:
─ Eý, Hydyr, oň sag gursagyny barlamaň näme-aý? Ýa her taýynda bir ýürek bardyr öýdýäňmi?
─ Iki diýýäňmi? Üçem bardyr. Asyl ýöne endam-jany gürsüldi bolup dur.
Uzyn eňek tomaşa bilen:
─ Towşan bol-a! ─ diýdi.
Onuň gapdalynda duran uzyn boýly Kyýas her sözüni nygtap:
─ Nedir, seň sesiň çasly weli, alkymyň aşagy sowaýdymy? ─ diýdi. ─ Ogul, düýnki ýigit eşidäýmesin.
Duranlar gülüşdi. Hydyr dikelip:
─ Hany indi, Aýaz jan, bagjygyňy ýazdyr, damarlaryň tirpildisinem bir göreýin ─ diýdi.
Aýaz alaçsyz oýnuň kadasyna boýun boldy. Ezýaka köýneginiň bagjygyny çözjek bolup azara galmady, golunyň badyna çekip goýberdi. Bag ýüpüň bir tarapy üzülip eline geldi. Hydyr mys-mys güldi. Soňam:
─ Heý jänä! ─ diýdi. ─ Aýaz jan, damarlaň-a eşek taýaga dönüpdir.
─ Wah, başga zada deňesene...
─ Ogul, indi bir söz diýseň, alkymyň aşagyny eşek depen ýaly ederin.
Hydyr başyny egip dowam etdi:
─ He-he, her damardan bir gulak gan akýar, jugurdysy eşidilip dur-how!
Aýaz çydamady:
─ Kelpezläp durma-da, gutar!
─ Gutarmadan aňsat zat ýok, Aýaz jan. Çykar ýüzügi!
Aýaz ýüzügi eliniň tersi bilen zyňdy-da, agyldan boşan sarç mal ýaly, ara açdy. Garşydaşlary galmagal turuzdy.
─ Haý, berekella, Hydyr!
─ Aýaz çakyny tananok.
─ Kyýas, gaýtarawer ony, tazygaýdy öýdýän.
Aýaz gaýdyp Hydyryň ýüzüni görmejegine kasam etdi. Agylyň ýeňsesine öwrülende, ýaňy ýola düşen arabany gördi. Aýagyna badak atylan ýaly entedi. Arabanyň üstündäki oturan iki aýalyň bärkisi Läledi.
Aýazyň örki üzüldi. Guýynyň oýy oňa zyndan bolup göründi.


24

5

2

2

0

0

1
Teswirler:
 Özümiziňki
 BAYOGUL [off]
 04.05.2024 / 16:46

+0

Gowmykaden

 Täzeje
 YekeMen [off]
 04.05.2024 / 19:17

+0

okamany yaltanyanai

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

aksiya


su gunden baslady aksiyamyzam...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | aksiya
Akademik2 (Şugün, 07:32)

aksiya


Sugunden acyp baslamalymy taze mowzuklar...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | aksiya
BAYOGUL (Şugün, 07:09)

aksiya


17.05.24 12.05.24 gecipdira onda syn et sxo yere...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | aksiya
YekeMen (Düýn, 21:57)

aksiya


Korocy pular oz eyesine hokman gowsar soz beryan...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | aksiya
Akademik2 (Düýn, 21:48)

aksiya


synanshyp goreris...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | aksiya
Sebap (Düýn, 21:47)

aksiya


bayuw edip bolarmyka...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | aksiya
Sebap (Düýn, 21:47)

aksiya


Dos gununi dogurla 17 diymeli 12 edipsin...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | aksiya
BAYOGUL (Düýn, 21:46)

aksiya


Dos gaty kop tema acyp bolmaz...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | aksiya
BAYOGUL (Düýn, 21:45)

atsyz gosgydan


Goşga meňzemeýän goşgy ýazmaklyga yhlas edipsiň. Tüweleme yhlasyňa ýerne düşüpdir. Sen dosowlan edebiýata ýazmazdan kömek etseň dag goparanyň e...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | atsyz gosgydan
_paradox (Düýn, 21:33)

atsyz gosgydan


Maladis Mytdy...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | atsyz gosgydan
_paradox (Düýn, 21:31)
Ähli hukuklar goralan!
© YekeTak.Ru 2018-2024

Admin:We-Pro
Яндекс.Метрика