Içeri gir Agza bol
Reklama
Jedelli mowzuklar

aksiya

+1
Salam hormatly agzlar size su sayda mowzukler durli gornusde yetirip durmanyzy hayys edip oyun gecirmegi makul bildim 1ayyn dowamynda 1000 den gowurak...dowamy...

atsyz gosgydan

+1
Yagys yagya penjirami nagys edip, Bilmen biri aglayamy yas edip, Olam menin yaly soyguden yanan, Soygulisi ucin otyr gozun yas edip. Ykbalyn oyn...dowamy...

Arym alan durmuş jemleýji bölum

+2
Bir gün öýdäkiler, Begenji öýermek barada gürrüňi gozgadylar. Begenjiň öz halaşýan gyzy bar eken. Aýdyşyna görä «Kakasy bir edaraň başlygy, üç oguldan...dowamy...

Ol özüni gözleyar

+1
Bu geňem bolsa, şeýle. Ol özüni gözleýär. Ýöne hiç tapanok. Ýadynda welin, şular galypdyr: Eline galam berlen, ýüregi ýaşlyk joşgunyndan doly oglan....dowamy...

Ykbal pursatlary

+3
Orta mekdebi tamamlamagymyza az wagt galypdy, mekdebimizde halypalar, zähmet ussatlary bilen geçirilen duşuşyk hiç ýadymdan çykanok. Şonda halypalaryň...dowamy...

Dümew barada

+3
Bu makalada hiç bir maglumat hakynda salgylanma ýok. Bu makalada üpjün edilen maglumatlar hakynda salgylanma görkezilmändir. Bu maglumatlaryň ygtybarl...dowamy...

Tygşytlylyk (yapon tymsaly)

+3
Tokio şäherinden bolan täjir bir sebäp bilen uzak ýola rowana bolupdyr. Onuň ýoly Nemeri derýasynyň üstünden geçipdir. Gijäniň bir wagty köprüden geçi...dowamy...

SAÝRAK BILBIL

+2
ÝADYGÄRLİK GALSYN Serediň adamlar, sözleýär asman, Sözleýär seslenip mawy bulutlar. Serediň, serediň, baksaňyz her ýan, Sözleýär seslenip bägüller, ot...dowamy...

Teňňeleriň şyňňyrdysy

+2
Ymam Muhammet Hasanyň okuwçylarynyň biri Müsüre barypdyr. Şol ýeriň halky gysgançlykda ýakasyny tanadan eken. Ol bir dükanyň öňünde oturyp, horjunynda...dowamy...

Gyzlara degishli goshgy

+2
Aslynda asylly gözel gyz bolsañ. Adamlaryñ köp ýerinde görünme. Durşuñ bilen kereşmedir näz bolsañ. Artykmaç näz boljak bolup urunma. Hemmeler sen gyz...dowamy...

Kitap-ruhy hazyna

+3
Häzirki ösen döwür bilimli we ylymly bolmagyň, dürli dilleri öwrenmegiň, zehiniňi ýitileşdirmegiň zamany hasaplanýar. Sebäbi döwürleriň we eýýamlaryň...dowamy...

Agtyk (hekaya)

+1
Daňdanyň ümüş-tamşyndan bäri çep gözüm çekip dur. «Zenanyň çepi saz, erkegiň sagy» diýip eşidemsoň, durkum bilen şatlykly habara garaşyp başladym. Ort...dowamy...

Başa barmadyk pirim (gülküli kyssa)

+3
Eje bolmak hem-ä bagt, hem-de uly jogapkärçilik. Käwagt dagy ene ýüregim şeýle bir täsin duýgulara gaplanýar welin, ony nädip düşündirjegimi bilemok....dowamy...

Gopuzly gyz

+2
Myrat sazanda ir bilen agtyklaryny mekdebe äkitmek üçin ulagyna mündi-de, köne endigine eýerip heniz olar gelmänkä radiony açdy. Hoş owazly bagşy ýigi...dowamy...

"ARAK IÇEŇDE" (degişme goşgy).

+1
(Munça içmekligiñ ýokdy geregi) Sen göýä dälidek ýitipdir añyñ, çenden aşa köp içende aragy. çüýşleriñ sany bolupdyr elli, Seniñ bolup ýörşüñ şondanam...dowamy...

ukusyz gecirilen gije

+3
Hazaryň üstünden öwüsýän mymyk ýeliň güýji tomsuň howurly yssysyny biraz ýumşatdy. Iş güni ahyrlap barýardy. Işgärler işlerini tamamlap, ýerlerini ara...dowamy...

Soygilime

+3
Senin gara gozlerine doneyin, Sen bar mende besdir ozge gozlemen, Soyan diydim sana ozga diymerin, Sen bar mende besdir ozge soymerin. :h...dowamy...

Sorag

+2
Taryhda in kop yashan imperiya haysy imperiya we nace yyl yashapdyr bilyanizmi...dowamy...

“HAZYNA”

+2
SOGANYŇ IÇ-Ä IÇ, DAŞAM DAŞ Ine düňderilip barýan tereň nowhana*. Agtyklaryny eýerdip, onuň gyrasyna gelen garry enäniň birden aýagy taýaýmazmy. Gör,...dowamy...

ÝÜREK

+2
Ýüregiňizi diňläň! Baryň huzuryna päklenip kemsiz. Uzyn gijelerde galyň ikiçäk. Darkaşyndan başly – barat duýgulaň Ýürek – size sypalgadyr ýeke-täk....dowamy...
JANSEREK
 Özümiziňki
 BAYOGUL [off]
 04.05.2024 / 16:00

JANSEREK

BIRINJI BAP

Il arasynda şeýle gargyş bar:
─ Ýurduňda ýumurtga togalansyn!
─ Ýurduňda it uwlasyn!
Agahan oglanka garry enesi öwüt bererdi:
─ Iliň gargyşyna galmagyn, gargyş ýaman zatdyr.
Eýwanly tamyň öňündäki hatar öýden ýekesi galdy. Üç öýüň ýerinde welin, edil, ýumurtga togalabermelidi. Bag-bakjaly howly mazarystanlyga öwrüldi. Ýürege agram salýan ümsümlik ýurt eýesiniň gerdeninden basdy.
Garry enesi diri bolan bolsa, ähtimal: “Saňa gargyş siňendir, Allanyň öňünde etmişiň bardyr” diýerdi. Agahan başyna düşeni Alladan görmedi, adamlardan gördi.
Agahanyň häzir Hudaýa ýakyn durasy geldi. Şerigatyň ýoluny bozan Agahan däl ─ adamlar. Hudaýa ýakyn durmaga Agahanyň haky bar.
Ol adamlary aýyplady. Olar Allanyň beren akyl-paýhasyny şeriň ýoluna sarp edýärler. Akyla derek sabyrlylyk berlen bolsady, onda adamlar rahat ýaşardylar. Haýp, ýükçi düýäň sabyrlylygy adamlara berilmändir.
Daşarda it üýrdi. Ala köpegiň sesinde äwmezlik, rüstemlik bardy. Häzir haýwan-u-ynsan ýaman niýet bilen haýatdan aşsa, ala köpegiň oýnuny şonda görersiň: ýa alar, ýa-da öler! Öljegem bolsa, seniň gözüň alnynda çyňsap ýatmaz, çete çekiler, bir çöpüň düýbünde ezýet çekip, duýdansyzam amanadyny tabşyrar. Eýsem şuny adam başararmy?!.
Agahan garşysynda oturan Rahmana göz dikdi. Ýigidiň aýdyň göreçlerindäki duýgudaşlyk Agahana ýarady.
─ Rahman.
─ Aýdyber, daýy...
─ Howly boş durmasyn, Asmana-da gel diý.
─ Ondan arkaýyn bol, daýy, häzirjik getirerin.
─ Gideňde ojagyň ody sönmesin. Ýeke taşlananyny aňsa, it janaweriň uwlabermegi ähtimal. Sargytlam ýadyňda gerek?
─ Ýadymda, gaýtala diýseň-ä...
─ Ýeri, bolýar ─ Agahan ýerinden turup, gapa tarap ugrady. Rahmanyň yzyna düşenini görüp sägindi. ─ Özüm giderin.
Agahan ugrubir çykyp gitmedi, iňkis bilen yzyna öwrüldi. Rahman onuň sözüne garaşdy.
Ortadaky tekiz ojakda gübürdäp ojar ody ýanýardy. Onuň howry duranlaryň tenini gyzdyrsa, ýiti ýalynyň şöhlesi gara öýüň içini has giňeldip görkezdi.
─ Päheý, muň ýanyşyna seret-le!..
Rahman daýysynyň ýüzünde tomaşa görmedi. Onuň tukat göreçlerinde ýalyn oýnaýardy. Elbetde, ýyly ojagyň başyny taşlap gitmek oňa aňsat däldir. Ojak näme, ol ýurduny taşlap gidýär! Indi onuň haçan dolanjagyny Alla bilýär!..
Agahan birden ykjamlandy, gözündäki oduň ýalkymy ulaldy, ojakdaky ot onuň gözünde ýakylana döndi. Ol:
─ Rahman ─ diýdi.
─ Hawa, daýy.
─ Gapydaky köpek gürjä ýalyny aldyrar öýdýärmiň?
─ Gürji köpege dalaş edip bilmez-ä, daýy, haýwanam bolsa akyly gözündedir.
Agahanyň ýuka dodaklary ýazyldy. Ýylgyrjak boldy, başarmady. “Rahman sadalygyny edýär. Haýwany haýwan ýerinde alaýýar. Bu ýerde gep adamlarda. Haýwanlaryň dünýäsi täsin-le: o ýerde güýçsüzler sabyrlylyk bilen seniň rüstemligiňe çydam edýärler.
Adamlaryň dünýäsi aýylganç...”
Ol pikirini bölüp:
─ Seniňkem bir hasap ─ diýdi.
Ýegeniniň sadalygy Agahana ýarady. Sada adamlar sabyrly bolýarlar, dünýäniň sabyrlylygy sadalygynda. Seret, Rahmanyň gözlerinde perzendini howply ýola ugradýan enäniň naýynjar garaýşyna meňzeş duýgy bar. Şol duýgy üçin ol Rahmana minnetdar. Häzir on üç ýaşly oglundan ýa-da türmede oturan giýewsinden ne peýda? Agasy golaýynda, ýöne onuňam ýakynlygyny duýmady. Agahan onuň wepalylygyndan gapysyndaky ala köpegiň wepalylygyny ýokarda tutýardy. Neberesiniň adamlaryna-da howlynyň golaýynda görünmezligi buýrupdy.
Agahan tüpeňini eline alyp:
─ Bir ýagdaý bar, Rahman, sen şol ýagdaýa mäkäm düşünmelisiň ─ diýdi. ─ Şura häkimiýeti ilaty ikä böldi. Birine “garyp”, beýlekisine “baý” diýdi. Garyplar ýaşamaly, baýlar ýok bolmaly. Ele ýarag almadan başga bize çykalga galmady.
─ Düşünýän, daýy.
─ Atam pakyr: “Keramaty güýçli Allatagalla ozalebetde bir adamy gedaý, beýlekisini baý ýaradypdyr ─ diýerdi. ─ Hudaý islese, bendesiniň barysyny-da barly edip biljek ekeni, eýsem-de bolsa, edäýmändir, ikä bölüpdir: biri baý, beýlekisi garyp. Allanyň ýazgydyna boýun bolmak bendesine buýrulandyr. Keramatly kitapda şeýle ýazylandyr” diýerdi, pakyr. Biz hakykatyň ýoly diýip ata çykýas.
─ Dogrudyr, daýy.
Agahan bosagadan ätlejek bolup durka:
─ Asmany goýmagyn ─ diýdi.
Giň howluda it bilen Rahman galdy. Howlynyň görnüşi üýtgedi. Töwerek has beter garaňka gaplanyp, asmandaky ýyldyzlar iňňän daşda göründi. Gara öýüň tüýnügine ölügsi ýagty düşýärdi. Ojakdaky ot hä diýmän sönmeli. Oduň sönenini gören dessine it uwlap başlar. Adamlar: “Agahanyň ýurdunda it uwlaýar” diýerler. Gaýrat dagy heşelle kakar...
Rahman gapydaky ojar küdesine tarap haýdady. Uly goltuk oduny haşlap öýe saldy, tutuşlygy bilen gyzaryp ýatan üýşmek közüň üstünde goýdy.
Ojakda ak ýalyn göründi. Aýak üstünde duran Rahmanyň kölegesi tüýnüge çenli süýndi. Kölegesi oňa hemra bolmady, gaýta içerik has syrly görnüş berdi. Eýesiz galan öýde oturmak, eýesiz galan geýimi geýen ýaly boljak ekeni.
Rahman Asmany küýsedi. Häzir Asman gapdalynda bolsa, kalbyna arkaýynlyk aralaşar. Asyl daýysy onuň oňaýsyzlyga düşjegini bilip, “Asmany çagyr” diýendir. Rahman daýysyny ägirt gördi. Ol köp zady, edil pygamber ýaly, öňünden bilýär...
Ojar ody tutaşdygyça, Rahman howra çydaman, gaýra çekildi. Içeri ýagtyldy. Ýagtylyk onuň kalbyna giňlik berdi. “Häzir gidip, Asmany alyp gelmeli” diýdi. Gelýänçäler ojar ody öçmez, item arkaýyn ýatar, uwlamaz.
Rahman daş çykdy. Öňi bilen öýüň tüýnüginden çykýan uçgunlary gördi.
Asman ýatman ekeni. Öçügsi ýanýan pelteli çyra dyzyny diräp oturyşyna, el işi bilen gümrady. Ojakdaky ot sönüpdir. Rahman daşardaky çigrek bilen öýüň içindäki howanyň aratapawudyny duýmady. Gara öýi gözüne has dar göründi, ýakymsyz tukatlyk onuň badyny gaçyrdy.
Asman dyzyna berkiden işini aýryp, gapdalynda goýdy.
─ Äl, köp eglendiň-le... ─ Ol ojagyň iç gyrasynda, gara ýeňlik bilen basyrylan çäýnegiň üstüni açyp, onuň böwrüne aýasyny goýdy. ─ Sowapdyr.
─ Asman, daýym gitdi.
─ Gitse ─ gowy edipdir ─ Ol kesewi bilen ojakdaky üýşmek küli dördi, ýöne gyzaryp ýatan közi görmedi. ─ Ot ýakaýynmy?
─ Walla, daýyma nebsim agyrýar, ol pakyry mejbur etdiler. Ýogsa adam ýurduny taşlap gidermi?! Indi daýymyň turuzjak oýnuna syn kylyň...
Asman saçakdan el ýaly çörek çykaryp, çäýnegiň böwrüne söýedi.
─ Ýagymyz gutarypdyr, çorba-da edip bilmedim.
─ Asman, gözüň ýaşaryp dur-la, agladyňmy?
Asman çalaja ýylgyryp:
─ Şu artypdan ─ diýdi.
Ol köne sokynyň üstüne galdyrylan pelteli çyra keýpsiz garady. Pelteden galýan ýalyn egrem-bugram gara tüssä öwrülip, içerik ýaýraýardy.
Uçgun çykýa weli, peltesi ýanýar öýdýän, ýag guýmaly ekeniň.
─ Ýag bolsa, guýmak hiç-le.
Rahman iki gün öň ýag getirerin diýipdi.
─ Daýym “Näçe gerek bolsa alyber” diýdi weli, şoňa-da wagt bolmady. Dogrusy, ýadyma-da düşmändir. Ýada düşer ýaly boldumy-aý... Ýeri, seň özüň alyp gaýdybereňde näm bolýamyş?! Sen şolary özüňe keseki tutýaň, meň weli, daýymdan başga hossarym ýok. Eger maňa ýamanlyk edýän bolsaň-a, onda göni ýüzüme aýt.
Rahmanyň galyň dodaklary titredi. Birdenem öz galmagalyny eşitjek bolýan ýaly diň saldy. Agahanyň howlusyndan ala köpegiň loh-loh üýrýän sesi geldi. Ojagyň ody sönäýdimikä?..
Asman el ýaly ketenini dyzyna sanjyp, ýene keşdesine gümra boldy. Çytylan gaşlary kem-kemden ýazylyp, solak ýüzüne täsin rahatlyk dolandy. Ol keşde çekýärkä hemişe rahat, sebäp, töweregi unutmagy başarýar. Has dogrusy, ol öýke-kinäni basmak üçin keşde çekýär. Ynha, biraz garaşsaň, ol ýakymly bir zaryn owaz bilen assaja hiňlenip başlar. Rahman üçin ol owaz ýalňyzlygyň aýdymy bolup eşidiler. Şol aýdym onuň erkini elinden alar. Asmana ýakynlaşyp, ýalňyzlykdan gutulmagyň alajyny gözlär.
Asman dymsa-da, öňden gulakda galan tanyş owaz täzeden ýaňlanan dek, Rahmany herekete getirdi. Ol süýşüp aýalyna golaý bardy. Ajy tüssäniň aňyrsyndan Asmany synlady. “Seniň reňkiň solsa-da, ýüzüňdäki mähir azalmandyr” diýesi geldi. Ýöne ýaňky galmagaldan soň, aýaly bu sözlere ynanmaz öýtdi. Sesini çykarman, aýalyny goltugyna gysdy. Asman işden ünsüni bölmedi. Rahman keşde iňňesiniň işleýşine tomaşa etdi.
─ Şo keşdäň adyny aýdaýynmy? ─ diýdi. ─ “Sekiz keşde”. Ol ýokarkam “içýanagyz”. Ynha, bujagaz ýerigem gaýma urarsyň, soňam “sygyr siýdik” bolar.
─ Aýyr eliňi, iňňe çümäýmesin.
─ Bujagaz tahýany kime tikýäniňem bilýän ─ Rahman gülüp, usul bilen aýalynyň garnyny sypady. ─ Şu ýatan pälwan üçindir.
Asman ýygryldy:
─ Aýyrsana eliňi, utanaňogam.
─ Utanjak däl.
Asmanyň solgun dodaklaryna reňk çaýyldy.
─ Pälwandygyny näbilýäň, gyz bolsa bildiňmi? ─ diýdi.
─ Seň özüň kimi küýseýäň?
─ Men seni küýseýän, Rahman, meni ýeke goýma, sensiz gorkýan.
Rahman has gysmyljyrady:
─ Men barkam zatdan gorkmagyn. E-he!.. Dur, dur... ─ Ol ýata suwda balyk tutýanyň tomaşasyna meňzeş hereket bilen elini Asmanyň çep böwründe gezdirdi. Diň salyp oturyşyna pyşyrdady. ─ Gymyldady, walla, gymyldady!.. Dur, dur... Ana, ýene gymyldady. Bildirenokmy? Hany, eliňi ber!..
Rahman aňyna-maňyna garaman, Asmanyň elini öz eliniň ýanynda tutup garaşdy.
─ Dur entek, ýene gymyldar...
Asman utançly ýylgyrdy:
─ Gaty bimaza boljak öýdýän, wagtal-wagtal bir gorsanýar weli...
─ Onda oglandyr!.. Gorsanýan bolsa oglandyr!..
Rahman dyzyna galyp, Asmany gujagyna gysdy, dulugyndan ogşady. Süýji bir äheňde:
─ Asmanym!.. ─ diýdi. ─ Seni ýanymdan goýman. Ynha, iki günden çöle gideris. Sährada göwnüň açylar. Seň göwnüň açylsa, walla, o pälwanam azar berip durmaz. Häli birden, iki bolup ýatan bolmasynlar-how?! Ýeri dar görüp, depişýän bolsalar diýýän-ä...
Rahman tomaşa bilen güldi, Asmanyň ýüzündäki agyr aladany görende bolsa janygdy:
─ Seni ýeke goýman, ant iç diýseň, hol-ha, çörek dur, duzdan ant içeýin.
─ Ýaňy sen “çöle gitjek” diýdiň?..
─ Hawa, diýdim. Daýym: “Bar ─ diýdi. ─ Asmany alyp bar” diýdi.
─ Biziň çölde işimiz ýok, Rahman.
Rahmanyň gözleri tegelendi:
─ O nähili işimiz ýok? Daýyma lebiz etdim, bararyn diýdim.
─ Diýen bolsaň gidiber.
─ Senem gidersiň!
─ Maňa oba bes, men gitmen, Rahman.
─ Aýagyň agyr bolany üçin diýýämiň, ýa-da?..
─ Ýeňil bolsa-da gitmezdim.
─ Al gerek bolsa!.. ─ Rahman şapbat bilen dyzyna urdy. ─ Eýsem, indi seni obada taşlap gider öýdýäňmi?
─ Şoň üçinem gitme diýýän-dä...
─ Hany, sen bir zady aýt-la: sen meň aýalymmy ýa-da?..
─ Saňa gulak asmak meň borjum, ony aýdybam oturma.
─ Onda gep gutardy!
─ Ýok, gutaranok, Rahman...
─ Gutardy diýýän! ─ Rahman aýdanyny hereketi bilen tassyklaýan ýaly syçrap ýerinden turdy. ─ Maňa daýymdan ýakyn hossar ýok. Ol maňa malyny-mülküni ynanýar, ynanmasa...
Agahanyň howlusynda it üýrdi. Ala köpegiň sesinde arkaýynlyk ýokdy, ol jabjynýardy. Rahman itiň sesini özüne duýduryş hökmünde kabul etdi. Ol kellesiniň gyzgynyna tas aýtmasyz zady aýdypdy. Görsene, ala köpegiň edil şu pursat üýrüşini!.. Bu ýerde adamlara bagly bolmadyk bir jadyly güýç hereket edýändir diýen şübhe Rahmany gorkuzdy.
Ol Asmana tarap garady. Çyranyň diňe peltesi ýanýardy. Hä diýmän gara öýüň içi tüm garaňkylyga gaplanar. Rahman aýalynyň solak ýüzüniň kem-kemden ýitip barýanyny gördi. Näme üçin Agahan Rahmana ynanyşy ýaly Asmana ynananokka?! Eger ýaňy it üýrmedik bolsa?.. Elbetde. Rahman dile gelen sözi aýdardy. Belki, Asmanyň garaşany bolan däldir, şonuň üçinem ýüzüni sallap oturandyr?..
Bu pikirlere maýyl boldugyça, Asman kesekä öwrülip barýardy. Gör-le, albassy ara düşjek bolýar. Rahmanyň göreçlerinde şeýtan otyr, ýogsa Asman oňa keseki görnermi?! “Akmak, onuň göwresinde seniň ogluň däbşenekläp ýatyr, onsoň nireden ol saňa keseki bolýarmyş?!.”
Ol ýene Asmanyň gapdalyna çökdi.
─ Daýym: “Howluda ýaşaň” diýip gitdi. Ot salyp gaýtdym, tur, gideli, Asman. Çüýşeli çyra-da bar, keýpine keşde çekip oturmaly. Et goýup gitdiler, tüwi bilen ýagam bar, palow edineli. Bi buz ýaly sowuk içerde näazaryň beýdip oturyp?!. Ana, çyra-da söndi ─ Peltede gyzaryp köz galdy, az salym tüsse galýany göründi, soňam töwerek garaňkylyga gaplandy. ─ Ýör, beýdip oturmasana, Asman...
─ Ýalbarma, Rahman...
─ Bolýa, otur onda!..
Garaňky içerde bedre şakyrdady, jygyldap gapy açyldy, soňam gürpülläp ýapyldy.


9

2

0

1

0

0

1
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

aksiya


su gunden baslady aksiyamyzam...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | aksiya
Akademik2 (Şugün, 07:32)

aksiya


Sugunden acyp baslamalymy taze mowzuklar...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | aksiya
BAYOGUL (Şugün, 07:09)

aksiya


17.05.24 12.05.24 gecipdira onda syn et sxo yere...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | aksiya
YekeMen (Düýn, 21:57)

aksiya


Korocy pular oz eyesine hokman gowsar soz beryan...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | aksiya
Akademik2 (Düýn, 21:48)

aksiya


synanshyp goreris...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | aksiya
Sebap (Düýn, 21:47)

aksiya


bayuw edip bolarmyka...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | aksiya
Sebap (Düýn, 21:47)

aksiya


Dos gununi dogurla 17 diymeli 12 edipsin...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | aksiya
BAYOGUL (Düýn, 21:46)

aksiya


Dos gaty kop tema acyp bolmaz...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | aksiya
BAYOGUL (Düýn, 21:45)

atsyz gosgydan


Goşga meňzemeýän goşgy ýazmaklyga yhlas edipsiň. Tüweleme yhlasyňa ýerne düşüpdir. Sen dosowlan edebiýata ýazmazdan kömek etseň dag goparanyň e...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | atsyz gosgydan
_paradox (Düýn, 21:33)

atsyz gosgydan


Maladis Mytdy...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | atsyz gosgydan
_paradox (Düýn, 21:31)
Ähli hukuklar goralan!
© YekeTak.Ru 2018-2024

Admin:We-Pro
Яндекс.Метрика