Içeri gir Agza bol
Reklama
Jedelli mowzuklar

Arym alan durmuş. 7

+3
Hakykatdan hem haýady açan adamy görüp, başyma apy-tupan turdy. (Aslynda obadan Begenjiň agasy gelmelidi. Ony öňem görmändim, toýdada-da görmedim.) "Ş...dowamy...

Arym alan durmuş 6

+3
Ne "Turdyňmy" diýip, soramana adam geldi ne-de salamlaşdyrmak üçin alyp gitmäne adam. Kürtede-de ýadapdym, çykaryp bir gyrada goýdum. Adaty öý eşikler...dowamy...

Arym alan durmuş 5

+3
+Läle- diýip, adymy tutmasyndan, birzadyň bolanlygyny aňdym. -Dur, demiňe dürse. Näme boldy? +Läläm, garaşylan günümiz geldi. -Açyk aýtsana, näme bold...dowamy...

Dile geldi-bile geldi

+1
Ekip iýseň doýumlyk, Biri berse dadymlyk. *** Ýaltaçylyk bir gapandyr, Düşünseň! Gaça durgun, sypmak kyndyr, Düşeňsoň! *** “Iliň agzy — kerama...dowamy...

Täsinlikler dünýasinde

+1
Meşhur suratkeş Pablo Pikasso 13 müň 500-den hem gowrak surat çekipdir we 300 sany hem heýkel ýasapdyr. *** Şu wagta çenli iň uzyn adam 1940-njy ýyl...dowamy...

Diygey sen

+1
Durnam, gitseň Häzirbejan iline, Barsaň, näzli ýara salam diýgeý sen. Ýürek-bagrym bölek-bölek diline, Barsaň, näzli ýara salam diýgeý sen. Arman...dowamy...

Arym alan durmuş 2

+3
Begenjem ýüzüme gaharly seredip dur, gepem goşanak. Menem gyz halyma ilki habar atmana utandym. Sekiniň galdyrylan ýeriniň bir tarapyna geçip, süpürip...dowamy...

Arym alan durmuş

+3
Her ýylyň tomus aýlarynda "Awaza" üçin Balkanabat şäherden bir oglan goňşymyza myhmançylyga gelerdi. Her ýyl üns bermeýärm, ýöne geçen ýyl birhili üns...dowamy...

Arym alan durmuş 3

+3
+Läleeee! Saňa bara, gowja habarym barda. -Näme habar? +Bugün üýşüp aýlanmaga gidäýeli -Hmm... Aý ýok bu habaryň-a erbet. Bilýäñ-ä öýdäkiler göwnäp, b...dowamy...

Arym alan durmuş 4

+3
Sakga durdym, yzyma öwürlip, "Näme boldy diýen şekilinde" seredip durdym. -Läle, dogrysyny aýtsam sözümi nirden başlajagymy bilemak. Men seni ilkinji...dowamy...

Arym alan durmuş 8

+1
"Kyrkyna çenlä gidiber, täze gelin bolup bärde gezip ýörme. Il gün näme diýer. Çiledenem çykaňok" diýip, ejem gaýynlarym bilen menini şol zannyýamanla...dowamy...

Ýüzugra edilen bellikler ÖMÜR HAKDA OÝLANYP...

+1
17:35Ömür, gögerçin, gök ot hem beýlekiler hakda... (Ýüzugra edilen bellikler) Ýüzugra edilen bellikler ÖMÜR HAKDA OÝLANYP... Bu gün irden öýde agt...dowamy...

ÝEDIGENIM ÝEDI ÝYLDYZ

+1
Telewizorda sirk oýunlaryny görkezýärdiler. Bir adam mähnet goňur aýyny oýnadýardy. Onuň gowuşgunsyz hereketleri geň görünýärdi hem nebsiňi agyrdýardy...dowamy...

Hyýalymdaky Şordaga zyýarat (Ýüzugra edilen bellikler)

+1
13:11Hyýalymdaky Şordaga zyýarat Hyýalymdaky Şordaga zyýarat (Ýüzugra edilen bellikler) Bulutlar ýere degäýjek bolýar. Ilerki daga-da dykylyp, ony h...dowamy...

"Çäk" - oýlanma

+1
Giden pursadyňdaky sessiz galan dymmalarymyň içinde, ruhumyň: "meni öldüren sen bolma..." diýip seslenişleri bardy. Duýmadyň.. Hiç kimsiz galmakdan go...dowamy...

Utanc

+1
Baglar öz baglygyna utandy, Daglar öz daglygyna utandy, Utandy asman öz asmanlygyna. Utandy Zemin öz Zeminligine. Munça utanç birleşdi-de bir ýere, Ad...dowamy...

TALYBYŇ ÝANDEPDERÇESINDEN

+1
Umyt. Ol her pursat Güneşe meňzär. Ýolumyzy ýagtyldar. Äden her ädimiňde yzyňa öwrülip seretseňem, ýagtylygy görersiň, ýylgyrarsyň. Emma onuň Günden ý...dowamy...

GÜRRÜŇ BER EJEME...

+1
Kaka, ýene sen giripsiň düýşüme, Gowlugadyr, bu elbetde, gowluga. Bosagada garap durma, üýşenip, Saçlary agaryp giden ogluňa. Megerem, bilýänsiň, saň...dowamy...

Ikatýoguň owazy IKATÝOGUŇ OWAZY (Ýüzugra edilen bellikler)

+1
Men-ä bir zatlar ýazjak bolaýyn diýen niýet bilen, işe wagtyndan has ir gelýän. Käbir kişi meniň ir gelýänimi görüp, ýolda duşup, gybat etjek, gümür-ý...dowamy...

Ýagşylygyň jogaby

+1
Enni daýza soňky wagtlar daşarda gezelenç etmegini mazaly kemeldipdi. Ýogsam Londonyň iň gözel seýilgähleriniň biriniň golaýynda ýaşaýandygy sebäpli,...dowamy...
ÇÖPLEÝJI
 Täzeje
 BAYOGUL [off]
 29.04.2024 / 08:52

Kellesi beýhuşdy, gözleri dumanly, ýüregi gubarly, ruhy kiparlap, telbe ýöreýşi bir närsäni artyk kabul edenligini ýüze çykarjak bolýar. Özüne tiňkesini dikip barýanlara dykgat bermän, ýeke gapyň agzynda dyknyşyk döreden märekeden birini saýlady-da, başyny saga egip, hatar-patar diýmän, onuň ýeňinden bir çete çekip çykardy. Pasport bardy ýaňkyň elinde, içinde-de iküç resmi kagyz.
Bir ýurduň ilçihanasydy bu ýer, bu telbäniň saýlap seçeni salyhatlydy, geýnişi erkin, özüni alyp barşy akylly. Ilki elindäki pasporta, soňam uçgunlap barýan nazaryna seretdi, ýene we ýene. Soň dymyşdylar. Kellesini çep tarapa egdi. Ahyry dillendi:
– Ugruň bolsun! Gidiberjekmi? Çagalaryňam alyp gidýänsiň, hä? Soň gelersiň gerek yzyňa? Ýa ymyklymy?
– Maňa diýen sagatlary 3:00-dy. Hemmäni bir wagta ýygnapdyrlar öýdýän.
– Soň işiň taýyn gerek? Bärde bolmadymy? Heý, goşmaça hiç zada maý bolmadymy, hä?
– Çagalaram taýynladym. Doktor özüm, baramda garşy aljaklar. Işlejek, ýaşajak ýerim, çagalaryň okuwy... barysy taýýar durjak.
– Ýöne sen söz ber, yzyňa dolan, ýene gel, hökman gel...
– Gapysy açylaýjak ýaly, ýekän-ýekän aljak bar ýaly...
Kellesi göçgün, hyýaly tutuk oglanymyz jübüsinden el ýalyjak kagyzy çykaryp, «Çagyrsaň gelerin» diýlen ýazgyň aşagyna gol çekdirdi-de, ony ençeme ýyllap garaşylan söýgi haty kimin emaý bilen sypalap, jübüsiniň jülgesine saldy.
Sal-sal eşikleri belli markaňky, äýneginiň nyrhy dodagyňy uçukladýa, özem gelşikli. Başyny ýaýkap, ilçihananyň gapysynda bir-birinden öňürtjek bolup howlukmaç süýşýän, şol bir wagtda hem itekleşmän, gohlaşman ýüregini alysa düwenleri synlady. Bu gezek naýynjar başyny egdi.
Aýagy ýanýodada süýrelip, ozal basylan yzlaryň üstüni çyzýar. Zoraýakdan ýöräp barýar, birini öňe atdygy, yzyndakysy diýen edenok. Bu gezek sataşany owadan gyz. Okuwa, dil öwrenmäge barýar. Elindäki kitap – Ýewropa dilleriniň biri. Agras ýürekli, süýji dilli gyz.
– Sizem öwrenýäňiz, hä? Hezil gerek täze dil öwrenmek? Plan firma işe girjek bolýaňyz gerek? Bu dil kynmy?
– Häzir, bahym sapagym başlaýar. Iňlis dili ýeterlik däl eken. Maňa öwrenip gel diýdiler.
– Size-de garaşýarlarmy ***aliýada? Ösen ýurt gerek, AB*-dan hem gowy diýýärler, hä?
– Adam hasabyna alýamyşlar, kärimi halapdyrlar, men keramikaçy. Dünýä çykarasym gelýär.
– Emma sen gelersiň gerek, hä, hökman gel, bolarmy, söz ber...
– Gijä galaýmaýyn, hanha, mugallym girip barýar?
Jübüsinden el ýalyjak kagyzyny çykaryp, «Çagyrsaň gelerin» ýazgysynyň astynda goluny çekdirdi. Ellerindäki kitapda ýüregiňi jigledýän nätanyş sözler güýçli ýazyjynyň diline wekilçilik edýärdi.
Seýilgähiň deňine ýetende ýetginjekleriň gohunyň arasynda noutbugyna dümtünip, ekranyň ýüzünde gürleşip oturan birini gördi. Başyny çepe egip, ýakynlaşdy. Gözüni petredip seretdi.
– Hawa, menem hoşlaşyp otyryn. Beýtmegiň geregi ýok, agam. Iş tapdylar, programmist men.
– Söz berjekmi, hä? Gelersiň gerek çagyrsam?
– Nirä çagyrjak, agam?
– Geläý, çagyrjak, gijä galmarsyň-a?
– Getir, menem gol çekip tassyklaýyn.
Muňa-da gol çekdirdi, jübüsiniň jümmüşine dykdy kagyzy. Jübüsi galňap barýar, beýnisi güňläp, titrek köňli geňläp barýar. Agaçlar gyşy garşy almaga girişipdir. Bulutlaryň arasynda ne gar gizlenýär, ne göwnüçökgün ýagyş. Adamlaryň ýüzlerinden hoşlaşyk çöpläp ýörşüne, aýtman-etmän gidenlere salam ýollady. Özüne käýindi, sen gitmersiň gerek, hä, galarsyň gerek?
– Aý-u oglan, ýaňja süpürdim o taýsyny, aňyrrakdan aýlan. Eşidenogam bi, aňkasy aşypmy nämemi? Saňa diýýän.
Hanasyndan çykaýjak gözleri bilen gygyryp duran daýzanyň ýüzüne seredip:
– Gelersiň gerek hä, yzyňa?
– Ýit , ýok bol, näme gelmesi, bar git, hapalama ýoly.
– Gidibersene sen, gelme-de sen...
Seýilgähden çykan badyna taksi tutmak üçin elini galdyrdy, bolşuny göwnemedik sürüjiler saklanasy gelmedi. Ahyry biri durdy:
– ***iýa ilçihanasyna, soň ***tan, ***land...
– Mün. Näme-how, bu gün halkara ilçihanalar günümi? Köp eglenmersiň-ä içinde?
– Gelerin, hökman gelerin.
Hersinde 10-15 adamlyk üýşmek döräpdir, diňe seredip oňdy, käsine gol çekdirdi. Taksiň sürüjisini aňryýany bilen razy edip düşdi. Jübüsinden gol çekilen hatlary çykardy, stolunyň üstünde ýazdy.
Owadan şahsyýetleriň üýşen stoly juda alysdan göründi. Mes topraga meňzäp, näme ekseň gögerjek, nahal dikseň sömeljek. Gollaryndan çen tutup nämüçin gidendiklerini anyklasy geldi. Ony başarmady, oňa derek ellerinden dökülýän dürüň gymmatyna göz ýetirdi.
Bulary çagyrsam gelerler gerek, hä, ýekän-ýekän çykyp gelerler, özlerem – gaýdyp geler. Gel, olary Kesi adasyna çagyraýyn, indi ol Uzradan başga hiç kimiňki däl-ä, eýe çykyp başymyzy agyrtjagy bolmaz. Adany ulaldyp bildimikä? Sygarys gerek, şeýle dälmi, sygarys-a? Üstesine-de, giňelderis, binalary beýik gurarys, şeýdip sygyşarys, hämi? Özümize täze at dakarys, häzir bolsa ilki özüm gideýin, soň söz berenlere jaň edeýin.
Birdenem telefonymdaky saz ýaňlandy. Jaň edýäniň adynyň ýerine «Çakylyk» diýen ýazgy dur. «O däldir-le» diýip aldym. Sebäbi men gitmändim. Öz hyýalymda döreden sesim eşidildi: «Senem gelersiň gerek, hä?» diýdi. Ýylgyryp başymy atdym.
Ol ada ne gämi, ne uçar barýar? Gämili aşaryn, ýöne haýsy gämi gidýär, hä? Öýüniň içindäki bar gazetdir-žurnallary alyp, ulagyň arkasyny ýükden doldurdy. Içinde özüniň ady familiýasy doludy. Deňziň kenaryna eltip düşürdiler. Epleşdirip, çöpleşdirip, ahyry ýekberdem ýasady. Nirede sen adajyk diýip ýüzmäge başlady.
Ol Kesi adasyny tapdy, söz berenleriňem bary çakylyga geldi. Üýşdüler.
Aýtdym-a gelerler diýip. Hemmesi geldi, kime jaň etsem ikirjiňlenmän gaýtdylar. Ada sygyşdylar. Bizi gujagyna saldy, çar ýany deňze gömülgi bu ada.
Şondan soň BMA-da täze döwlet peýda boldy. Il bilen deň baýdagyny asdylar, ýurtda ilçihana açylmaz diýen karara gelindi. Biziňkem başga ýerde görünmez. Wiza diýlen düzgüni aýryldy. Sizem gelersiňiz, hä, özem – gaýdyp gelersiňiz!..


18

5

2

1

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Aiperilai [off]
 01.05.2024 / 10:43

+0

ilkinji bolup teswir ýazayyn)


Täzeje
BAYOGUL  (01.05.2024 / 13:17) 

Aiperilai, sagbol

 Täzeje
 10asevdali [off]
 01.05.2024 / 15:37

+0

molodsi

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Arym alan durmuş. 7


wahey gorgulijik bar zat gayyneneden yone onkam bir tarapdan dogry...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arym alan durmuş. 7
Sebap (Şugün, 12:02)

Arym alan durmuş 6


oglany edyan zatlary name???...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arym alan durmuş 6
Sebap (Şugün, 11:16)

Arym alan durmuş 5


nahili bolyara bul...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arym alan durmuş 5
Sebap (Şugün, 11:10)

Diygey sen


Basalyn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Diygey sen
Guljagaz (Şugün, 10:25)

Diygey sen


Like❤...dowamy...
Erkin mowzuklar | Diygey sen
Guljagaz (Şugün, 10:25)
Ähli hukuklar goralan!
© YekeTak.Ru 2018-2024

Admin:We-Pro
Яндекс.Метрика