Şygyryýet dünýäsi
Gabanýan...+2
Ýakynyňdan geçse şemal öwüsüp,
Birýere gidäýseň ýuwaşja ýöräp,
Aýaklaryň basan yoldan gabanýan.
Egerde bir zady alaýsaň ele,
Eliň bilen tutan zatdan gabanýan.
Eger birden biri bilen gürleşseň,
Şol gürleşen adamyňdan gabanýan.
Eger käwagt biri bilen görüşseň,
Şol görüşen adamyňdan gabanýan.
Durmuşda diňe sen bolmaly meňki,
Söýgimiziň soňy goluk bilýärin.
Sebäbi dünýede ýeke seni men,
Öz-özümden seni geçip söýýärin.
Av...
dowamy...Makarina (5 sag ozal) okaldy (17) teswirler (0)
Ajy hakykat+1
Eger geçmişime dolanyp bilsem Düzederdim barça ýalňyşlyklarym Nädogry wagtda nädogry ýerde Geçirmezdim gyzyl gymmat wagtymy Geçmişe seretsem gözlerim aglar Ähli ynjylarym düşýär ýadyma Gowy dp bakan ähli adamlam Gara ýylan bolup çykýär gaşyma Arkamdan urulan ählije oklar Güni geler hökman urarlar sizi Bu ajy hakykat bolan mahaly Seredip duraryn ynjytmaz meni Awtory: Aşyrow Mekan halasaňyz 
...
dowamy...Betjee (1 gün ozal) okaldy (31) teswirler (1)
Meň gybatym etýänlere+2
Meň gybatym etýänlere
Aýdar birje sözüm bar
Arkamdan gürleýänçäň
Ozal meni ýetip al!
Görip bilen niýete
Ýetip bilersiň ganym,
Halal mehnet, päk ynsap-
Şudur meniň bilýänim.
Meň gybatym etýänlere
Aýdar birje sözüm bar
Diliňe erk berýänçäň
Sen özüňe ser sal.
Görkezeniň görersiň
Hak sözüni unutma
Ýamanlygyň özüňe
Dolanşyny unutma.
Meň gybatym etýänlere
Aýdar birje sözüm bar
Bir adamyň adyny
Bulamagyn sen bikär.
Duşman b...
dowamy...AkmyradoffSoft (2 gün ozal) okaldy (43) teswirler (2)
Garaşýan (dowamy, hökman okaň!)+9
Sözlerim ýetmez söýgim aýtmaga Güýjim hem ýetmez yza gaýtmaga. Şunça wagt garaşdym saňa ýetmäge, Ýürekdäki söýgimi, saňa aýtmaga. Wagtam ýetipdi belli bir çene, Sen dolanyp gelermiň yzyňa ýene. Şol öňki wagt, şol öňki sene, Duşuşyga geldim, garaşýan ýene Söýgim üçin garaşmaga taýyn men, Emma seniň, geljegiň gümana. Özüm urup harasat hem dumana, Seniň üçin garaşaryn mydama Käte bir howsala özüne çekýär,...
dowamy...Arzuw (3 gün ozal) okaldy (30) teswirler (4)
nädersiň?!+4
Bir supradan tagam iýen dostlaryň,
Ýüz örürip,kese baksa nädersiň?!
Syr ynanyp,syrdaş diýen dostlaryň,
Pynhan syryň ile dökse nädersiň?!
Aýlanyp dur,çarhypelegiň çarhy,
Dostlaň bir-birinden köp eken parhy.
Bolmasa-da dostuň bahasy-nyrhy,
Seni "satyp" içiň ýaksa nädersiň?!
Hak dostundan borsuň mydam tamaly,
Aradan ötmese şeriň şemaly.
Ykbal duş eýlese bir bikemaly,
Olam çür depäňe "çyksa" nädersiň?!
Men bilmedim,kime gü...
dowamy...yyldyz (3 gün ozal) okaldy (22) teswirler (2)
Özüme sargyt+3
Ýaşlyk oýunlaryna gyzmasyn kelle,
Her bir etjek işiň aňyňda belle,
Azapsyz baýlyga, altyndyr tylla
Topluma, ýüzüňi sowmagy başar.
Goňşy arasynda gatnatma gybat,
Hersine al bermek erbetdir-erbet,
Berme pese zakgun, beýige şerbet,
Adamlary deňje görmegi başar.
Köpçülikdr boş gepleme, öwünme,
Aytjak sözüň geňeş mydam göwnüňe,
Sen çybyk däl, sähel zada döwülme,
Kyn işde-de merdem durmagy başar.
Näme utyaň buza öwrüp ýüregň...
dowamy...yyldyz (3 gün ozal) okaldy (17) teswirler (1)
dünýäde sensizem ýaşaljak eken.+2
Söýgiňden daşlaşyp, galsaň sen ýalňyz,
Ýalňyzlyk derdinden ýadaljak eken.
Ýatlap pursatlary bolsaň-da gamgyn,
Dünýäde sensizem ýaşaljak eken.
Bu günler başymdan geçmejek ýaly,
Gör, meni neýledi söýginiň aly...
Ne günlere salsaň-da, ah, sen ykbaly
Dünýäde sensizem ýaşaljak eken.
Köňlümiň köşgünde ezizlän ýarym,
Men saňa bagş etdim ýüregmiň törin,
Sen bolsa terk etdiň duýgulaň baryn,
Dünýäde sensizem ýaşaljak eken.
Gökde...
dowamy...yyldyz (3 gün ozal) okaldy (16) teswirler (1)
Söýgi näme? [hökman okaň]+9
Söýgi näme? diýen sorag ,
Peýda boldy aňymda.
Menem şahyr hökmünde,
Jogaplaýyn baryndan.
Söýgi bir uly umman,
Ummanda köp balyklar.
Şol balyklaň hersinde,
Söýgi bardyr egsilmez.
Söýgi diýmek Watanyňy söýmekdir,
Watan üçin şirin janyň goýmakdyr.
Watanyny söýeniň, gelejegi abatdyr,
Geljek üçin söýüň, eziz Watany.
Ýene söýgi, arzuwyňa ýetmekdir,
Arzuwlan hünäriň başyn tutmakdyr.
Hünäriňi söýüp zähmet çekmekdir,
Halal zähm...
dowamy...Bailyievv_Writer (3 gün ozal) okaldy (38) teswirler (4)
Beýik söýginiñ ýeke tak watany+5
Allatagala Söýgi atly gudratly närsäni döredip, ilki bilen ony akar suwuň ykbalyna ýazgyt edipdir. Emma, yşгa uçran akar suw hanasyna sygman derýalara dolupdyr. Derýalar joşup deňze guýlupdyr. Deňiz möwjäp, ýer-ýüzüne daşypdyr. Şeýdip, bütin älem-jahan suwa gark bolupdyr. Bu ahwalaty görüp, Allatagala söýgi atly gudraty suwyň gursagyndan sogrup alyp, ony çoguň gursagyna salypdyr. Emma, yşka uçran çoguň haly suwuňkydan-da...
dowamy...BezZzaT (4 gün ozal) okaldy (38) teswirler (5)
Parasatly Sözler...+2
Dünýädäki iñ gynandyrýan zatlardan biri, bir wagtlar biri-biriniñ hemme zadyny bilýän iki adamyñ, düýbünden nätanyş ýaly bolmagydyr...
***
Käte ýüregimde duýgy doly bir zat emele gelýär,düşündirip bilemok. Gürlemegi unutýan şol wagt. Gözlerim bilen aýtýan hemme zady,ýöne hiç kim görmeýär...
***
Bolmaz diýän nämäñ bolsa hemmesi bolar. Ýykylmaryn diýip ýykylarsyñ, üýtgemerin diýip üýtgärsiñ,öldüm diýip durarsyñ ýöne şonda...
dowamy...BezZzaT (4 gün ozal) okaldy (24) teswirler (2)
Garaş...+6
Aýda ýylda sorasam, halyň 1 sapar,
Ynam söýgiň bilen, garaş söýenim!
Söýenim gaýtmagyn, hiç wagt sözüňden,
Ynam söýgiň bilen, garaş söýenim!
Men bir ýönekeýje, gamgyn oglanjyk,
Ýürekde söýgi bar, taýsyz hem deňsiz!
Her anda unutma, söýgimi meniň,
Wepaň, söýgiň bilen garaş söýenim!
Öýüňe geläýse, özgäň ilçisi,
Ejeňe diýgin, ýaş entäk bugün!
Mejburlaýsa birden, diýgin söýenim,
Söýenim bar, ýaryma garaşýan ejem.!
Awtor:...
dowamy...AkmyradoffSoft (4 gün ozal) okaldy (55) teswirler (2)
Men seni söýýän (akro)...+7
M-en seni söýýarin, näzli dildarym, E-rkimi aldyňla, elimden janym, N-äzleriňi çekeýin, näçe isleseň, S-öýgime düşünäý, bolmada zalym. E-ger düşünmeseň, ýok meniň halym, N-açar galdym, seniň ugruňda köýüp, I-ndi bolsa geläýdä söýgimi duýup. S-öýgimi duýdurýan, ugruňda köýüp, Ö-mrümi bagş etjek, men seni söýüp. Ý-ekelikde bilmeris, bu, bagty duýup, Ý-üreklermiz erkana guş deýin gaýyp, Ä-leme gözellik çaýsyn söý...
dowamy...Baylyyew (5 gün ozal) okaldy (54) teswirler (3)
Klasdaş..+2
Uly ýola garap dymyp otyryn,
Çykyp gyradaky çile klasdaş.
Müñ bir gaýgy gama çümüp otyryn,
Berlip müñ ham hyýala klasdaş.
Birmahallar şadyýandym, alçakdym,
Wah bolmady şo bolşuma galjakdym,
Söýgüniñ yzynda ylgap daljykdym,
Tas dönüpdim sañsar mala klasdaş.
Mekdebe gatnardyñ bezäp bu ýoly,
Bu görnüş gözümden gidenok häli,
Eliñ portfelli çykaýjak ýaly,
Şinni-şinnem bakýan ýola klasdaş.
Daşyndan paklygy bildirmez hozuñ,
T...
dowamy...BezZzaT (6 gün ozal) okaldy (38) teswirler (1)
Ýene-de ene hakynda.+0
süýt beren ene gadyrdan gaçýar diýdiler,
Sadagaň bolaýyn, ene.
Sen hakda ýüz gezek ýazypdym öňem,
Ýüz birinji gezek ýazaýyn ýene.
Ýene-de galamy almaga ele,
Mejbur etdi meni bir elhenç gürrüň.
Diýdiler, üç ogul, üç gyzly ene
Bir ýerlerde haram ölüpdir şu gün.
Bu waka bolupdyr uzak bir ýerde,
Ýöne parhy näme, ýakynmy-uzak
Perzentleriň enäni terk edenligi,
Enäň bolsa haram ölenligi hak.
Men muny ýazmadym belli bir ýerd...
dowamy...BezZzaT (6 gün ozal) okaldy (20) teswirler (0)
Enem-Atam barka Yetim galdym dowamy+0
Men yetim dal yetim adyny alan sizin hakyky oglynyz size sorag men etmisim name gerekdal bolsam namcun yaratdynyz dunya wah namcun men don yurek dal her kim masgalasy bn bir sacaga jem wagty men yeke yalnyz halymda masgalam bn otyrsam menem diyip aglap dileg edip Allahdan yeke ozim arzuw edip otyryadym hacanda masgalaly adamlan irden oglym turdynmy diyip yanyna baryan wagty men sheyle arzuwda gara basyp oyanyardym gunleri...
dowamy...GMSS (6 gün ozal) okaldy (19) teswirler (0)
Enem-Atam barka Yetim galdym+2
Minnet etdiniz el yaly coregimi yasaysymy bokurdakdan gecen her bir damja suwymy Gorip bilmediniz oyde yasaysymy oyden kowdyk diyaniz estdim dost yarlardan su gun 10 yyl bolya Oyden gidenime siz habar tutmasanyz men siz yaly kapyr dal 10 yylap her gunim yatladym eje kaka duydynmy haly nedir yekeje wah yzyny yazyp bilemok yuregime syganok son dowam ederin......
dowamy...GMSS (6 gün ozal) okaldy (37) teswirler (1)
Garaşýan+9
Sözlerim ýetmez söýgim aýtmaga Güýjim hem ýetmez yza gaýtmaga. Şunça wagt garaşdym saňa ýetmäge, Ýürekdäki söýgimi, saňa aýtmaga. Wagtam ýetipdi belli bir çene, Sen dolanyp gelermiň yzyňa ýene. Şol öňki wagt, şol öňki sene, Duşuşyga geldim, garaşýan ýene. Diňe men garaşýan, gelersiň diýip, Beren wadaňda durarsyň diýip, Bu durmuşda ýeketäk men seni söýüp, Garaşaryn ölünçäm, söýgiňi duýup. Awtorlary:@A...
dowamy...Baylyyew (6 gün ozal) okaldy (74) teswirler (4)
Goşgy...+2
Ýene birden, ýene birden kyn iş düşse başyňa
Görmezlige salar salam diýýäniň
Bulutly gün kölegäniň bizi taşlaýşy ýaly
Bizi taşlar bile çörek iýýänmiz
Birden ýüregime çümdide gitdi
Iňňäň ujy ýaly rehimsiz ünji
Seň bn duşuşyp bilmänime däl
Seň ilkinji söýgim bolanyň ün
G.Ezizow
Asly şat bolmaasa güldirip bolmaz
Öň ýetene syryň ynanyp bolmaz
Ýekeje söz bn ýykylan göwni
1000 söz bn hem galdyryp bolmaz
halasaňyz like :thum...
dowamy...Betjee (6 gün ozal) okaldy (43) teswirler (3)
goşgular+2
Derdimi aýdaýyn aşyk oglana
Orta ýolda taşlamajak bolsaň söý
Bir namardy görüp düşdi ýadyma
Gara gözüm ýaşlamajak bolsaň söý!!
Ýaralymyň hergiz ile bildirme
Pynhan syryň duşmanlara bildirme
Özüň solgun emma dostuň soldurma
Seňem wagtyň geler ynjama göwnüm
Aýralyk beterdir ajy ölümden
Düýn söýenim bu gün gitdi golumdan
Gawat gelsek käte ýolda yzdaka
Üns berme geçip gitgin deňimden. Ö.Taganow
Dertler gider öýtýäs bu...
dowamy...Betjee (6 gün ozal) okaldy (42) teswirler (2)
SENI GÖRESIM GELÝÄR+5
Ýazlar joşsa jahanda,
Seni göresim gelýär.
Gökde şapak batanda,
Seni göresim gelýär.
Jepa bormy munça-da,
Keşbiň gülde-gunçada.
Göwnüm sähel ynjasa,
Seni göresim gelýär.
Çykyp düzgün-kadadan,
Gitsedim bu adadan.
Öz-özümden ýadasam,
Seni göresim gelýär.
Ýollar, heý, öwrüm-öwrüm,
Çykmyş ýoluňa ömrüm.
Ýüregmi göze öwrüp,
Seni göresim gelýär.
Gijeler daňa gurban,
Hoş sözler heňe gurban,
Gül ömrüm saňa gurban,
Seni göresim...
dowamy...Makarina (6 gün ozal) okaldy (27) teswirler (2)
Jemi: 390