![]() 45 |
![]() 6 |
![]() 4 |
![]() 3 |
![]() 0 |
![]() 0 |
![]() 1 |
Ene-atalarymyz yanymyzda wagty, olaryn gadryny bilelin!
Şu mahal ýanymda ejem bolsady!
Daşymdan guwanyp, synlap oturan,
Ýürek tarlarymy sazlap oturan,
Gara saçlarymy sypap oturan,
Şu mahal ýanymda ejem bolsady!
Ne hyýal, küýde men -- bilerim ýaly,
Mundanam has bagtly bolarym ýaly,
Bölüp ýüregimi bererim ýaly,
Ýanymda şu mahal ejem bolsady!
Görünmezdi dünýe beýle dar bolup,
Mährinden erärdim dagda gar bolup,
Otyryn men bir hoş söze zar bolup,
Şu mahal ýanymda ejem bolsady!
Aý howlugýar Gökden ýere düşmäge,
Heý umyt barmyka saňa duşmaga?!
Ýene birje gezek derdinişmäge,
Ýanymda şu mahal ejem bolsady!
Sadaja göwnüni awlarym ýaly,
Ne derdi bar eken, aňlarym ýaly,
Boýnundan gujaklap aglarym ýaly,
Şu mahal ýanymda ejem bolsady!
Ýanymda şu mahal ejem bolsady!
.