Içeri gir Agza bol

AS
PREMIUM agzalar
REKLAMA
Soňky mowzuklar

Millioner ÝekeTäk-den kiçi täzelik #täzelik

+1
Essalowmaleýkum hormatly ÝekeTäk.Ru agzalary! Millioner ÝekeTäk-den kiçijek täzelik Indi-den berilýän bonuslar 1-25 points...dowamy...

Çilimkeş

+5
Hak seni raýyňa goýmuş jahanda, Ede bileniň etgil munda, çilimkeş; Diwan gurlan güni, hasap jaýynda, Jogabyň nämedir anda,...dowamy...

Aşyk Bolmuşam

+1
Eý ýaranlar, bir ýüzi gül, aýa aşyk bolmuşam, Barçalar maksady gül ragnaýa aşyk bolmuşam, Bilbilem bag içre, bir gowgaýa aş...dowamy...

Eger saña gyzykly bolmasa okaman geçme!

+10
Kuranda "dünýä " sözi 115 gezek geçýä we "ahyryýet " sözem,115 gezek geçýä. Kuranda "Jennet" sözi 77 gezek geçýä we " jähenne...dowamy...

Ýalňyşyp çagyrylan "myhman" Mistiki hekaýa

+1
Kitap okamagy halaýaňyzmy?! Menä gowy görýän kitap okamagy. Iň bolmanda hepdede bir gezek kitaphana barýan... Bir gezek kitap...dowamy...

Gijeki myhman (mistiki hekaýa) 2- nji bölümi

+0
Jemalyň kellesinde 1000-dürli pikirler aýlanyp başlady. Haýsy haramzada oň üstinden beýle oýyn edip, ony gorkyzyp biler? Öýün...dowamy...

Gijeki myhman (Mistiçeski hekaýa) 1- nji bölümi

+0
Jemalyň gözleri açyldy. Bar zat gowy, ol öz otagynda ýatyr, gapdalynda bolsa üç ogly. Diýmek bar zat düýşde bolupdyr? Howwa,...dowamy...

Bu gun meni sòyyen yigdiñ toyy (bolan waka)

+0
Ondan bari 14 yyl geçdi. O dòwur mena uly gyzdym Annageldi bolsa bir masgalañ 8 ya§yndaky kòrpeçe oglydy Men oña Anny diyyad...dowamy...
Ýalňyzlyk
Premium
 Arzuw [off]
 20 gün ozal
 Zaman hiç bir şeyi düzeltmez sadece üzerini örter

Ýalňyzlyk hakynda menem ýazaýyn
Sebäp – ýazýan köplük, ýazmaýan azlyk,
Başyňa iş düşer, janyň hem şatdyr.
Muňa diýilýändir kiçi ýalňyzlyk.

Otuza ýetensiň, zürýadyň ýokdur.
Soň kyrkyň ujundan gädip ugransyň.
«Ilden ala-böle näme beýlekäm?»
Diýip, öz täleýňe özüň haýransyň.

«Kaka» sözün eşitmän ellä ýetersiň.
Bir gün tapynarsyň ogullyk, gyzlyk,
Özüňkidir, emma ozüňkem däldir.
Muňa diýilýändir orta ýalňyzlyk.

Duluňda ajaýyp aýalyň bardyr.
Öýüňe bezegdir, dyzyňa – gudrat.
Ylgap hyzmat edýän onuň özüdir,
Emma seň adyňa getirer hormat.

Ellä ser urarsyň. Çagasyn döküp,
Gözlerin ýumar ol. Başlar ejizlik.
On müň dostuň bardyr – göýä ýekesiň.
Muňa diýilýändir uly ýalňyzlyk.

Eneň gezip ýörkä ýeriň üstünde,
Ýaza barabardyr gyşyň howasy.
«Dogadan nep tapdym» diýýän bar bolsa,
Megerem şol doga – enäň dogasy.

Baky däldir, bir gün eneň hem gider.
Niräňe seretseň – eýmenç tekizlik.
Beýle ýalňyzlygyň ady hem ýokdur.
Ol gädiksiz-zatsyz doly ýalňyzlyk:

Ataňy sylamak – halky sylamak.
Mähri köpdür, şonça gazabam köpdür.
Käýýäp sapak bersin, söýüp öwretsin –
Atanyň mekdebi çirksiz mekdepdir.

Şol mekdebi oňat tamamlap bilseň,
Hemişe hemraňdyr Mertlik, Tämizlik.
Ýogsa senden hiç wagt är ata bolmaz –
Mydam gerşiňdedir betbagt ýalňyzlyk.

Kerim GURBANNEPESOW.


19

3

0

1

0

0

1
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Flag Counter
REKLAMA
Soňky teswirler

Çilimkeş


Şu çilimi oýlap tapan naletkerdäniñ ejesini dula bakdyrmaly. Goşgyny paýlaşanyñyz üçin minnetdar Kesa_03...dowamy...
Erkin mowzuklar | Çilimkeş
Perhatsabirovv (5 min ozal)

Eger saña gyzykly bolmasa okaman geçme!


Like bilen goldanyñyz üçin minnetdar...dowamy...

Eger saña gyzykly bolmasa okaman geçme!


düşinmedim kuran okalanda aýdylyp geçýami şonça gezek ýaa baga bir ýere geçýämi...dowamy...

Aşyk Bolmuşam


...dowamy...
Erkin mowzuklar | Aşyk Bolmuşam
Ейжежигим (3 sag ozal)

Çilimkeş


...dowamy...
Erkin mowzuklar | Çilimkeş
Ейжежигим (4 sag ozal)

Çilimkeş


Çilim çekýan azalan bolaýmasa indi...dowamy...
Erkin mowzuklar | Çilimkeş
Diospyros (5 sag ozal)

Eger saña gyzykly bolmasa okaman geçme!


sagbol minnetdar paylasanyn ucin buda bir gudrat...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© YekeTak.Ru 2019-2021